
Röwşen Orazmuhammedow Täjigistanyň futzal ligasynda ikinji goluny geçirdi
Türkmenistanly futzalçy Röwşen Orazmuhammedow Täjigistanyň Superligasyndaky gollarynyň sanyny 2-ä çykardy. Ol «Istiklolyň» 3-nji tapgyrda «Samandor» futzal kluby bilen geçiren duşuşygynda hem bir gezek tapawutlandy.
8:0 hasabynda «Istiklolyň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda ildeşimiz 16-njy minutda toparynyň bäşinji goluny geçirdi. «Istiklolyň» üçünji goluny geçiren Komron Aliýew duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy. Duşenbe şäherindäki «Kohi Olimp» sport toplumynda geçirilen duşuşyga 100 janköýer tomaşa etdi.
Röwşen Orazmuhammedowyň mundan ozal 1-nji tapgyrda tamamlanyp, şol tapgyrda duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlanandygyny hem ýatladýarys.
Üç duşuşykda 7 utuk toplan «Istiklol» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi bolan «Soro kompaniýa» bilen bilelikde ýaryşyň başyny çekýär. «Soro kompaniýa» 3-nji tapgyrda «Istrawşany» 8:3 hasabynda ýeňdi.
«Istiklol» 4-nji tapgyrda Salgyt komitetiniň Duşenbe şäherindäki sport toplumynda «Poýtaht» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 29-njy iýunda geçiriler. «Poýtaht» üç duşuşykda 1 utuk toplap, alty toparly ligada bäşinji orny eýeleýär.