Bundesliga: Müller 15 möwsüm gol uran ilkinji futbolçy

 

29.10.2023ý.

Tomas Müller, «Bawariýa» bilen «Darmştad» (8:0) toparlaryň arasynda bolan oýunda gol urdy.

34 ýaşly ýarymgoragçy «Bawariýanyň» taryhynda Bundesligada 15 möwsümiň hersinde gol uran ilkinji futbolçy boldy.

Müller, münhenli toparda 14 möwsüm gol uran Gerd Müller, Klaus Augentalar we Mehmet Şollýa ýaly futbolçylaryň rekordyny täzeledi.