Suw içmek üçin arakesmeler: peýdaly täzelikmi ýa-da jedelli çözgütmi?

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda girizilen iň köp ara alnyp maslahatlaşylan täzelikleriň biri hem suw içmek üçin berilýän arakesmeler boldy. Käbirleri munuň futbolçylaryň saglygyny goramak we tälimçilere taktiki üýtgeşmeleri geçirmek üçin örän peýdalydygyny aýdýar. Beýlekiler bolsa bu arakesmeleriň oýnuň depginini peseldýändigini we esasan täjirçilik maksadyna hyzmat edýändigini öňe sürýärler.

Bu täzeligi goldaýanlaryň pikiriçe, arakesmeler futbolçylara güýjüni dikeltmäge we ünsüni täzeden jemlemäge mümkinçilik berýär. Toparçalaýyn tapgyrda geçirilen 72 duşuşygyň 40-synda suw arakesmesinden soň oýnuň gidişi üýtgäp, howply pursatlar ýa-da gollar döredildi.

Bu arakesmeler tälimçiler üçin hem möhüm gurala öwrüldi. Indi olar diňe arakesmä çenli garaşman, duşuşygyň dowamynda hem taktiki görkezmeleri berip bilýärler. Braziliýanyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti Marokko bilen geçirilen duşuşykdan soň hut suw arakesmesinde beren görkezmeleriniň oýnuň ugruny üýtgedendigini aýdypdy.

Janköýerler üçin hem şeýle arakesmeleriň käbir amatly taraplary bar. Olar şol wagt hajathana gidip, iýmit ýa-da içgi satyn alyp, telefonyny barlap ýa-da sosial ulgamlara seredip bilýärler.
Şeýle-de bolsa, bu täzeligi tankytlaýanlar hem az däl.

Olaryň pikirine görä, suw arakesmeleri diňe dünýä çempionatynyň soňky tapgyrlarynda hakykatdan hem zerur bolup biler. Sebäbi ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek käbir duşuşyklarda howanyň gyzgynlygy 30–35 derejä çenli ýetip biler.

Emma toparçalaýyn tapgyrda howanyň gyzgynlygy +28 derejeden ýokary galmady. Şonuň üçin tankytçylar ilkinji 20–25 minutyň dowamynda futbolçylaryň beýle derejede ýadamaýandygyny we goşmaça arakesmä zerurlygyň ýokdugyny aýdýarlar.

Tankyt edilýän başga bir mesele hem duşuşyklaryň depginidir. Üç minutlyk arakesmelerden soň köp oýunlarda depgin peselýär. Käbir toparlar bolsa bu ýagdaýdan peýdalanyp, duşuşygy haýallatmaga we hasaby saklamaga synanyşýarlar.

Munuň subutnamasy hökmünde häzirki dünýä çempionatynyň statistikasyna hem salgylanylýar. Toparçalaýyn tapgyrda ähli gollaryň 30 göteriminden hem az bölegi 70-nji minutdan soň geçirildi. Bu bolsa dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň pes görkezijileriň biri hökmünde görkezilýär.

Şeýlelikde, suw içmek üçin arakesmeler häzirki dünýä çempionatynyň iň jedelli täzelikleriniň biri bolup durýar. Bir tarap muny futbolçylaryň saglygyny goramak we tälimçilere goşmaça mümkinçilik döretmek hökmünde görýär. Beýleki tarap bolsa bu üýtgeşmäniň oýnuň tebigy akymyna päsgel berýändigini we esasan goşmaça mahabat wagtyny döretmek üçin ulanylýandygyny hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, bu düzgüniň geljekdäki iri ýaryşlarda hem ulanylyp-ulanylmajakdygy FIFA-nyň häzirki dünýä çempionatyndan çykarjak netijelerine bagly bolar.