DÇ - 2026. Braziliýa, Paragwaý we Marokko 1/8 finala çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/16 finalyň ýene üç duşuşygy tamamlandy. Braziliýanyň, Paragwaýyň we Marokonyň milli ýygyndylary ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykdy. Oýunlaryň biri esasy wagtda, galan ikisi bolsa 11 metrlik jerime urgularyndan soň ýeňijisini kesgitledi.

ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki "NRG" stadionynda geçirilen ilkinji duşuşykda Braziliýanyň milli ýygyndysy Ýaponiýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Oýna italiýaly emin Maurisio Mariani ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň 29-njy minutynda Kaişu Sano Ýaponiýany öňe çykardy. Ikinji ýarymda Braziliýa oýny öz peýdasyna öwürdi. 56-njy minutda Kazemiro hasaby deňledi. Duşuşygyň ykbaly bolsa goşmaça wagtyň bäşinji minutynda çözüldi. Gabriel Martinelli 90+5-nji minutda geçiren goly bilen Braziliýa ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, Karlo Ançelottiniň topary ýeňliş ýagdaýyndan gaýdyp gelip, erkli ýeňiş gazandy. Braziliýa 1/8 finalda Kot-d’Iwuar bilen Norwegiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar. Şeýle-de Ýaponiýanyň şu dünýä çempionatyndaky çykyşy tamamlandy.

Gijäniň ikinji duşuşygynda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen Paragwaýyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki "Gillette" stadionynda duşuşdy. Esasy hem-de goşmaça wagt 1:1 hasabynda tamamlandy.

42-nji minutda Hulio Ensiso Paragwaýy öňe çykardy. 54-nji minutda Kai Hawers Germaniýanyň adyndan hasaby deňledi. Goşmaça wagtyň 102-nji minutynda Žonatan Ta topy derwezä girizdi, emma "VAR" barlagyndan soň Waldemar Antonyň garşydaş derwezewanyna garşy eden düzgün bozmasy sebäpli gol hasaba alynmady.

11 metrlik jerime urgularynda Paragwaý 4:3 hasabynda üstün çykyp, dünýä çempionatynyň iň uly garaşylmadyk netijeleriniň birini gazandy. Şeýlelikde, Germaniýa 2014-nji ýylda dünýä çempiony bolaly bäri dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda heniz ýeke-de ýeňiş gazanyp bilenok.

Şeýle hem germaniýaly tejribeli derwezeçi Manuel Noýer başga bir oňaýsyz görkezijiniň eýesi boldy. Ol dünýä çempionatlarynda yzygiderli 10 duşuşykda gol geçirden taryhda diňe ikinji derwezeban boldy. Şeýle görkeziji ilkinji gezek 1962-nji ýylda Meksikanyň derwezewany Antonio Karbahal tarapyndan gazanylypdy. Noýeriň dünýä çempionatyndaky soňky "gury" duşuşygy bolsa 2014-nji ýylyň finaly bolup galýar.

Paragwaý 1/8 finalda Fransiýa bilen Şwesiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Soňky duşuşykda Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen Marokonyň milli ýygyndysy Meksikanyň Gwadalupe şäherindäki "BBVA" stadionynda duşuşdy. Esasy hem-de goşmaça wagt 1:1 hasabynda tamamlandy.

72-nji minutda Kodi Gakpo Gollandiýany öňe çykardy. Emma emin tarapyndan goşulan wagtyň ilkinji minutynda marokkoly goragçy Issa Diop hasaby deňledi we duşuşygy goşmaça wagta alyp gitdi.

Goşmaça wagtda hasap üýtgemedi. 11 metrlik jerime urgularynda bolsa Marokko 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykdy.

Şeýlelikde, Afrikanyň çempiony Marokko indiki tapgyrda Kanada bilen duşuşar. Kanada ozal Günorta Afrika Respublikasyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykypdy.