"PSŽ" Ýan Diamondeni transfer etmäge ýakynlaşdy
Fransiýanyň «PSŽ» topary «RB Leýpsigiň» ýaş ýyldyzy Ýan Diamondeni transfer etmek ugrunda möhüm öňegidişlik gazandy. Abraýly žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, parižliler eýýäm futbolçy bilen bäş ýyllyk şertnamanyň esasy şertleri boýunça doly ylalaşdy.
Maglumata görä, taraplar zähmet haky we şertnamanyň beýleki esasy maddalary barada ylalaşyga geldiler. Diamonde hem hut «PSŽ-a» geçmegi isleýär we karýerasyny Fransiýanyň paýtagtynda dowam etdirmäge razylyk berdi.
Indi bolsa «PSŽ» futbolçynyň häzirki topary bolan «RB Leýpsig» bilen resmi gepleşiklere başlar. Habarda bellenilişi ýaly, bu transfer «Monakodan» Magnes Akliuşy satyn almak bilen baglanyşykly däl. Pariž topary iki futbolçy boýunça hem işleri aýratynlykda dowam etdirýär.
"The Athletic" neşiriniň maglumatyna görä, 19 ýaşly Kot-d’Iwuarly futbolçy «PSŽ-niň» taslamasyny iň amatly hasaplaýar. Diamonde toparyň prezidenti bilen baş tälimçisi Luis Enrikeniň alyp barýan işine ýokary baha berýär. Şeýle-de ol Parižde çykyş etse, uly kuboklar ugrunda yzygiderli göreşmäge hem-de geljekde "Altyn top" baýragyna dalaşgär bolmaga has gowy mümkinçilik gazanjagyna ynanýar.
Diamonde üçin «Liwerpul» hem örän çynlakaý gyzyklanma bildiripdi. Iňlis topary futbolçy üçin 100 million ýewro töweregi tölemäge taýýardy. Şeýle-de käbir çeşmeler olaryň futbolça has ýokary aýlyk hödürländigini habar berýär. Muňa garamazdan, ýaş hüjümçi «PSŽ-ni» saýlady.
Žurnalist Loik Tanziniň maglumatyna görä, Luis Enrike bilen geçirilen şahsy duşuşyk Diamonde güýçli täsir edipdir. Mundan başga-da, futbolçynyň kakasynyň köp ýyllardan bäri «PSŽ-niň» janköýeridigi hem onuň bu kararyna täsir eden sebäpleriň biri hasaplanýar.
Şeýle-de bolsa, transferi tamamlamak aňsat bolmaz. «RB Leýpsig» öz esasy futbolçysy üçin 120–130 million ýewro töwereginde pul talap edýär. Şonuň üçin nemes topary bilen geçiriljek gepleşikleriň çylşyrymly bolmagyna garaşylýar. Klubyň ýolbaşçylary hatda Diamondeniň şertnamasyny uzaltmak mümkinçiligini hem aradan aýranok. Onuň häzirki şertnamasy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.
Ýan Diamonde geçen tomus Ispaniýanyň «Leganes» toparyndan «RB Leýpsige» goşuldy we ilkinji möwsüminde özüni Ýewropanyň iň zehinli ýaş futbolçylarynyň biri hökmünde tanatdy. Ol 2025/2026-njy ýyl möwsüminde ähli ýaryşlarda 36 duşuşyk geçirip, 13 gol geçirdi we 9 asist etdi. Şeýle netijeler bilen toparynyň Bundesligada üçünji orny eýelemegine hem-de Çempionlar ligasyna çykmagyna uly goşant goşdy.
Häzirki wagtda Diamonde Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Norwegiýa garşy geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär. «PSŽ» bolsa dünýä çempionaty tamamlanandan soň bu transferi mümkin boldugyça tiz jemlemegi maksat edinýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


