DÇ - 2026. Kanada soňky minutdaky gol bilen 1/8 finala çykdy
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda ilkinji duşuşyk tamamlandy. Onda Kanadanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň 1/8 finalyna adyny ýazdyrdy.
ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki "SoFi" stadionynda geçirilen duşuşyga portugaliýaly emin Žoau Pedru Pinýeýru ýolbaşçylyk etdi. Iki topar hem duşuşygyň dowamynda birnäçe howply pursat döretse-de, esasy wagtda derwezä ýol tapyp bilmedi.
Duşuşygyň ykbaly goşmaça wagtyň ikinji minutynda çözüldi. Kanadanyň ýarymgoragçysy Stefan Euştakiu 90+2-nji minutda geçiren goly bilen toparyna ýeňiş getirdi.

Bu duşuşyk Kanadanyň ýyldyz goragçysy Alfonso Dewis üçin hem aýratyn boldy. Şikes sebäpli toparçalaýyn tapgyry doly goýberen futbolçy 75-nji minutda meýdança çykyp, şu dünýä çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.
Günorta Afrika Respublikasynyň baş tälimçisi Ugo Broos hem bu oýunda taryhy görkeziji bilen tapawutlandy. 74 ýaş 79 günlük hünärmen dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda topara ýolbaşçylyk eden iň uly ýaşly tälimçi boldy.
Toparçalaýyn tapgyrda Günorta Afrika Respublikasy dört utuk bilen "A" toparçada, Kanada bolsa dört utuk bilen "B" toparçada ikinji orny eýeläp, 1/16 finala çykypdy.
Bu ýeňişden soň Kanada 1/8 finala çykdy. Olar taryhynda ilkinji gezek dünçä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazandy. Kanada indiki tapgyrda Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen Marokonyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar. Günorta Afrika Respublikasy bolsa dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


