Lewandowski "Çikago Faýr" toparyna geçmäge ýakyn
Polşaly tejribeli hüjümçi Robert Lewandowskiniň ýakyn günlerde MLS çempionatynda çykyş edýän «Çikago Faýr» toparynyň futbolçysy bolmagyna garaşylýar. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.
Onuň maglumatyna görä, Lewandowski Amerikada bolup, «Çikago Faýryň» ýolbaşçylary bilen gepleşikleri tamamlady we şahsy şertler boýunça doly ylalaşyga geldi. Taraplaryň arasynda baglaşyljak şertnama geljek hepdäniň başynda resmi taýdan yglan ediler.
37 ýaşly hüjümçi 2022-nji ýylyň tomsunda «Barselona» toparyna goşulypdy. Şondan bäri katalon toparynyň esasy hüjümçileriniň biri bolup çykyş etdi. Geçen möwsümde ol ähli ýaryşlarda 46 duşuşykda meýdança çykyp, 19 gol geçirdi we dört asist etdi.
Lewandowskiniň «Barselona» bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýärdi. Şeýle-de ol ýakynda Polşanyň milli ýygyndysyndaky çykyşyny tamamlandygyny mälim edipdi. Şeýlelikde, dünýä çempionaty-2026-a gatnaşyp bilmedik tejribeli futbolçy indi diňe topar derejesindäki çykyşyna üns berer.
«Çikago Faýr» häzirki wagtda MLS-iň Gündogar konferensiýasynyň ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. Topar täze möwsümde çempionlyk ugrunda göreşmegi maksat edinýär we Lewandowskiniň tejribesiniň bu maksada ýetmekde möhüm rol oýnajakdygyna ynanýar.
Lewandowski professional karýerasynda «Leh», «Borussiýa Dortmund», «Bawariýa» we «Barselona» toparlarynda çykyş edip, Ýewropanyň iň üstünlikli hüjümçileriniň biri hökmünde tanaldy. Ol karýerasynda ýüzlerçe gol geçirip, köp sanly milli çempionlyk, kubok we halkara baýraklaryny gazandy.
Lewandowskiniň MLS-e geçmegi amerikan futboly üçin hem uly waka hasaplanýar. Soňky ýyllarda Lionel Messi, Luis Suares, Serhio Buskets we Jordi Alba ýaly dünýä belli futbolçylaryň MLS-e gelmeginden soň, polşaly hüjümçiniň hem bu çempionata goşulmagy ýaryşyň abraýyny has-da ýokarlandyrar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


