"Panatinaikos" Stefan de Wreýi düzümine goşýar
Gresiýanyň «Panatinaikos» topary tejribeli gollandiýaly goragçy Stefan de Wreýi düzümine goşýar. Bu barada žurnalist"Fabrizio Romano habar berdi.
34 ýaşly futbolçy duşenbe güni lukmançylyk barlagyndan geçer. Şondan soň ol «Panatinaikos» bilen bir ýyllyk şertnama gol çeker. Ylalaşykda ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
Stefan de Wreý 2018-nji ýyldan bäri «Inter» toparynda çykyş etdi. Ol milanly toparyň düzüminde ähli ýaryşlarda 296 duşuşyga gatnaşyp, 13 gol geçirdi we sekiz asist berdi.
Golland goragçysy «Inter» bilen üç gezek Italiýanyň çempiony boldy. Mundan başga-da, ol üç gezek Italiýanyň Kubogyny we üç gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.
De Wreý professional futbol ýoluna 2009-njy ýylda «Feýenoordda» başlady. 2014–2018-nji ýyllar aralygynda bolsa «Lazio» toparynyň köýnegini geýdi.
Ol 2012-nji ýyldan bäri Gollandiýanyň milli ýygyndysyna çagyrylýar. Häzire çenli milli toparyň düzüminde 79 duşuşyk geçirdi.
Geçen möwsümde «Panatinaikos» Gresiýanyň çempionatyny dördünji orunda tamamlap, «AEK», «Olimpiakos» we «PAOK» toparlaryndan yzda galdy. Tejribeli goragçynyň goşulmagy toparyň goranyşyny güýçlendirmek ugrunda edilen möhüm ädim hasaplanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


