"Komo" Niko Pasy hemişelik satyn aldy
Madridiň «Realy» argentinaly ýarymgoragçy Niko Pasy şertnamadaky 9 million ýewrolyk yzyna satyn almak hukugyndan peýdalanyp, futbolçynyň transferini resmi taýdan amala aşyrdy. Emma gysga wagtdan soň italýanlaryň «Komo» topary madridliler bilen täze ylalaşyga gelip, 21 ýaşly futbolçyny hemişelik düzüminde saklap galdy. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.
Soňky ylalaşyga görä, «Komo» Niko Pasy doly hukuk bilen özünde galdyrdy. Şol bir wagtyň özünde «Real» geljek üçin yzyna satyn almak hukugyny hem saklap galdy. Žurnalist Janluka Di Marsionyň maglumatyna görä, madridliler futbolçyny diňe 2027-nji ýylyň tomusky transfer penjiresinde 80 million ýewro töläp yzyna alyp biler.
Soňky möwsümlerde Niko Pas «Komonyň» düzüminde 75 duşuşyk geçirip, 19 gol we 17 asist berdi. Geçen möwsüm Italiýanyň A Seriýasynda bolsa 35 oýunda 12 gol geçirip, ýedi asist berdi. Ähli ýaryşlarda bolsa 40 duşuşykda 13 gol we sekiz asist bilen tapawutlandy.
"Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, argentinaly ýarymgoragçynyň häzirki bazar bahasy 80 million ýewro deňdir.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


