"Milan" taryhyndaky iň gymmat transferi amala aşyrýar: "PSŽ"-den Gonsalu Ramuş 74 million ýewrodan gowrak baha satyn alynýar

Italiýanyň «Milan» topary Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Gonsalu Ramuşy düzümine goşmaga örän golaýlady. Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, transfer boýunça ähli şertler hem toparlaryň, hem-de futbolçynyň arasynda doly ylalaşyldy.

Bu geçiş «Milan» üçin soňky ýyllaryň iň sesli transferleriniň biri bolar. Şeýle hem Gonsalu Ramuş "rossonerileriň" taryhyndaky iň gymmat futbolçy hökmünde hasaba alnar.

Žurnalist Ben Jeýkobsyň berýän maglumatyna görä, «Milan» – «Pari Sen-Žermen» toparyna Ramuş üçin 74 million ýewro esasy töleg tölär. Mundan başga-da şertnama goşmaça bonus tölegleri hem giriziler. Şeýlelikde, transferiň umumy bahasy 75 million ýewrodan hem ýokary bolup biler.

Şu wagta çenli «Milanyň» taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde Rafael Leaunyň «Lillden» gelen geçişi görkezilýärdi. Şol transferiň bahasy jerime çykdajylary bilen birlikde 49,5–50 million ýewro töwereginde bolupdy. Gonsalu Ramuşyň transferi bolsa bu görkezijini ep-esli yzda galdyrýar.

Fabrizio Romanonyň ýazmagyna görä, «Milan» bilen «Pari Sen-Žermen» ähli resminamalar boýunça ylalaşdy. Futbolçynyň özi hem şahsy şertnama razy boldy. Habarlara görä, ol lukmançylyk barlagyndan hem üstünlikli geçdi we ýakyn wagtda resmi taýdan täze toparynyň futbolçysy hökmünde yglan ediler.

"The Athletic" neşiri hem bu maglumaty tassyklaýar. Neşiriň bellemegine görä, transferiň üstünlikli tamamlanmagynda «Milanyň» eýesi Jerri Kardinale bilen «Pari Sen-Žermeniň» prezidenti Nasser Al-Helaýfiniň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň hem möhüm täsiri bolupdyr.

25 ýaşly portugaliýaly hüjümçi geçen möwsümde «Pari Sen-Žermeniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 45 duşuşyk geçirdi. Şol oýunlarda 12 gezek tapawutlanyp, iki asist berdi. Ýöne onuň bazar bahasy "Transfermarkt" portaly tarapyndan 30 million ýewro diýlip görkezilse-de, fransuz topary futbolçysyny ep-esli gymmada satýar.

Ramuş Pariž toparynyň düzüminde jemi 131 resmi duşuşykda meýdança çykyp, 45 gol geçirdi we 10 asist berdi. Şeýle hem ol bu topar bilen 11 kubok gazandy. Şolaryň arasynda Fransiýanyň çempionatynda üç gezek çempionlyk we UEFA Çempionlar ligasynda iki gezek ýeňiş gazanmagy hem bar.