DÇ - 2026. "D", "E" we "F" toparçalarda üçünji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 25-nji iýundan 26-njy iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) ýaryşyň üçünji tapgyrynda "D", "E" we "F" toparçalarda alty duşuşyk geçiriler.

Günüň ilkinji duşuşyklary "E" toparçada bolar. Onda Kýurasaonyň milli ýygyndysy bilen Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy 26-njy iýuna geçilýän gije sagat 01:00-da özara güýç synanyşar. Şol bir wagtda Ekwadoryň milli ýygyndysy bilen Germaniýanyň milli ýygyndysy hem meýdança çykar.

Soňra "F" toparçanyň duşuşyklary geçiriler. Bu toparçada Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen Şwesiýanyň milli ýygyndysy sagat 04:00-da duşuşar. Şol bir wagtda Tunisiň milli ýygyndysy bilen Gollandiýanyň milli ýygyndysy hem özara güýç synanyşar.

26-njy iýuna geçilýän gijäniň soňky duşuşyklary bolsa "D" toparçada bolar. Onda Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen ABŞ-nyň milli ýygyndysy sagat 07:00-da meýdança çykar. Şol bir wagtda Paragwaýyň milli ýygyndysy bilen Awstraliýanyň milli ýygyndysy hem duşuşar.

Üçünji tapgyryň bu duşuşyklaryndan soň "D", "E" we "F" toparçalardaky jemleýji ýagdaý belli bolar. Toparçalarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar göni 1/16 finala çykarlar. Şeýle-de üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan iň gowy sekiz topar hem pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Bu duşuşyklaryň netijeleri bolsa birnäçe ýygyndynyň pleý-off ykbalyny kesgitläp biler.