DÇ - 2026. Argentina, Fransiýa we Norwegiýa pleý-offa çykdy, Iordaniýa bolsa toparçadan çykyp bilmedi

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda 22-nji iýundan 23-nji iýuna geçilen gije "I" we "J" toparçalarda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Günüň ilkinji duşuşygy "J" toparçada geçirildi. ABŞ-nyň Arlington şäherindäki "Ei-Ti-end-Ti" stadionynda Argentinanyň milli ýygyndysy Awstriýanyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 9-njy minutynda Lautaro Martinese garşy edilen düzgün bozma üçin bellenen penaltini Lionel Messi dürs ýerine ýetirip bilmedi. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp penalti uran (7) we iň köp penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedik (3) futbolçy hökmünde rekord goýdy.

Şeýle-de bolsa, 38-nji minutda Messi hasaby açdy. 90+5-nji minutda bolsa ol ýene bir gezek tapawutlanyp, dublyny resmileşdirdi we duşuşygyň soňky hasabyny kesgitledi.

Bu iki gol bilen Lionel Messi dünýä çempionatlarynda gollarynyň sanyny 18-e ýetirdi. Şeýlelikde, ol germaniýaly Miroslaw Klozeniň 16 golluk netijesinden öňe geçip, dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň netijeli futbolça öwrüldi.

Mundan başga-da, Messi yzly-yzyna alty dünýä çempionatynyň duşuşygynda tapawutlanyp, fransiýaly Žýust Fonten bilen braziliýaly Žairzinýonyň rekordyny gaýtalady. Häzirki çempionatda bolsa ol eýýäm bäş gol geçirip, bombardirleriň sanawynda öňdeligini berkitdi.

Bu ýeňişden soň Argentinanyň milli ýygyndysy alty utuk bilen "J" toparçasynyň başyna geçdi we pleý-off tapgyryna çykmagy wagtyndan öň üpjün etdi. Awstriýanyň hasabynda üç utuk bar.

23-nji iýuna geçilýän gijäniň ilkinji duşuşygynda Fransiýanyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherindäki "Linkoln Faýnensial Fild" stadionynda Yragyň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

14-nji minutda Kilian Mbappe hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda güýçli ýagyş sebäpli ikinji ýarym iki sagat gijikdirildi. Oýun täzeden başlanandan soň, 54-nji minutda Mbappe ikinji goluny geçirdi. 66-njy minutda bolsa Usman Dembele tapawutlanyp, soňky hasaby kesgitledi.

Maýkl Olise iki asist berdi. Dembele bolsa dünýä çempionatlaryndaky ilkinji goluny geçirdi.

Mbappe bu duşuşykdaky iki goly bilen dünýä çempionatlarynda gollarynyň sanyny 16-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol braziliýaly Ronaldo bilen germaniýaly Miroslaw Klozeniň netijesine deňleşip, bu ugurda ikinji orna çykdy. Ondan öňde diňe 18 golly Lionel Messi bar.

Bu ýeňiş Fransiýanyň milli ýygyndysyna hem möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik berdi.

"I" toparçanyň beýleki duşuşygynda ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki "Metlaýf" stadionynda Norwegiýanyň milli ýygyndysy Senegalyň milli ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.


13-nji minutda meýdança çykan Markus Pedersen 43-nji minutda hasaby açdy. Ikinji ýarymyň başynda Erling Holand tapawutlanyp, hasaby 2:0-a çykardy. 53-nji minutda Ismaila Sarr bir gol geçirdi. Emma bäş minutdan soň Holand ýene tapawutlanyp, dublyny resmileşdirdi.
90+3-nji minutda Ismaila Sarr hem öz dublyny tamamlady, emma bu Senegal üçin utuk almaga ýeterlik bolmady.

Şeýlelikde, Norwegiýanyň ýyldyzy Erling Holand hem häzirki dünýä çempionatyndaky gollarynyň sanyny dörde ýetirip, Kilian Mbappe bilen birlikde bombardirleriň sanawynda ikinji orny paýlaşýar.

Günüň soňky duşuşygynda Alžiriň milli ýygyndysy Iordaniýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

36-njy minutda Nizar Al-Raşdan Iordaniýany öňe çykardy. Ýöne ikinji ýarymda Riad Mareziň pasyndan soň Nadir Benbuali hasaby deňledi. 82-nji minutda bolsa Amin Guiri Alžire ýeňiş getiren goly geçirdi.

Bu ýeňlişden soň Iordaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyny möhletinden öň terk eden dördünji topar boldy. Mundan ozal Tunis, Gaiti we Türkiýäniň milli ýygyndylary hem ýaryş bilen hoşlaşypdy.

Soňky tapgyrdan öň Argentinanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary pleý-off tapgyryndaky ýerlerini üpjün etdiler. Bombardirleriň sanawynda bolsa bäş gol bilen Lionel Messi öňde barýar. Dört gol bilen Erling Holand we Kilian Mbappe onuň yzyndan gelýärler.