DÇ - 2026. "J" we "I" toparçalaryň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 22-nji iýunda we 23-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) ýaryşyň ikinji tapgyrynda "I" we "J" toparçalarda dört gyzykly duşuşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "J" toparçada bolar. Onda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Awstriýanyň milli ýygyndysy 22-nji iýunda sagat 22:00-da özara güýç synanyşar.
23-nji iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýny "I" toparçada geçiriler. Bu duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Yragyň milli ýygyndysy sagat 02:00-da meýdança çykar.
Soňra şol "I" toparçanyň beýleki duşuşygy bolar. Onda Norwegiýanyň milli ýygyndysy bilen Senegalyň milli ýygyndysy sagat 05:00-da duşuşar.
Günüň soňky duşuşygy bolsa "J" toparçada geçiriler. Onda Iordaniýanyň milli ýygyndysy bilen Alžiriň milli ýygyndysy 23-nji iýunda sagat 08:00-da özara güýç synanyşar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam edýär. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirýär. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


