DÇ - 2026. 21-nji iýunda we 22-nji iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklary geçirildi

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda 21-nji iýunda we 22-nji iýuna geçilýän gije "G" we "H" toparçalarda ikinji tapgyryň dört duşuşygy geçirildi.

"H" toparçadaky ilkinji duşuşykda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Saud Arabystanyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mersedes-Benz Stediumynda" duşuşdy. Braziliýaly emin Rafael Klausyň ýolbaşçylyk eden oýnunda ispanlar 4:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar.

10-njy minutda Lamin Ýamal hasaby açdy we dünýä çempionatlaryndaky ilkinji goluny geçirdi. 21-nji minutda Mikel Oýarzabal hasaby 2:0-a çykardy. Aradan üç minut geçenden soň ol özüniň ikinji goluny geçirip, dubl etdi. 49-njy minutda Saud Arabystanyň goragçysy Hassan Al-Tambakti öz derwezesine gol girizdi we duşuşygyň soňky hasabyny kesgitledi.

"G" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen Eýranyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki "Sou-Faý" stadionynda güýç synanyşdy. Argentinadan bolan emin Dario Erreranyň ýolbaşçylyk eden oýny 0:0 hasabynda tamamlandy.

25-nji minutda Mehdi Taremi tapawutlansa-da, "VAR" ulgamynyň kömegi bilen gol hasaba alynmady. 66-njy minutda Belgiýanyň milli ýygyndysy meýdançada bir oýunçy az galdy. Natan Ngoý gyzyl kary alyp, meýdançadan çykaryldy.

"H" toparçanyň beýleki duşuşygynda Urugwaýyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Maýami şäherindäki "Hard Rok" stadionynda duşuşdy. Norwegiýaly emin Espen Eskosyň dolandyran oýny 2:2 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

21-nji minutda Kewin Lenini Kabo-Werdeni öňe çykardy. 44-nji minutda Maksimiliano Araužo hasaby deňledi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň altynjy minudynda Agustin Kanobbio urugwaýlylary öňe çykardy. Emma 61-nji minutda Elio Warela hasaby ýene deňledi.

"G" toparçanyň jemleýji duşuşygy Kanadanyň Wankuwer şäherindäki "Bi-Si Pleýs" stadionynda geçirildi. Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysy bilen Müsüriň milli ýygyndysynyň arasyndaky oýunda arap topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

15-nji minutda Finn Sermanyň goly bilen täze zelandiýalylar öňe saýlandy. Emma ikinji ýarymda Müsüriň milli ýygyndysy oýnuň gidişini doly üýtgetdi. 58-nji minutda Mostafa Ziko hasaby deňledi. 67-nji minutda Mohammed Salah toparyny öňe çykardy. 82-nji minutda bolsa Trezege tapawutlanyp, Müsüriň üstünligini berkitdi. Bu goluň geçmegine hem Salah asist etdi.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň "G" toparçada Müsüriň milli ýygyndysy dört utuk bilen öňe çykdy. Belgiýa bilen Eýran iki utukdan topladylar. Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysy bolsa bir utuk bilen soňky orunda galdy.

"H" toparçada Ispaniýanyň milli ýygyndysy dört utuk bilen birinji orny eýeleýär. Urugwaý iki utuk bilen ikinji, Kabo-Werde hem iki utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Saud Arabystanyň milli ýygyndysy bolsa bir utuk bilen toparçanyň soňunda barýar.