DÇ - 2026. "G" we "H" toparçalaryň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 21-nji iýunda we 22-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) ýaryşyň ikinji tapgyrynda "G" we "H" toparçalarda dört gyzykly duşuşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "H" toparçada bolar. Onda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy 21-nji iýunda sagat 21:00-da özara güýç synanyşar.
21-nji iýundan 22-nji iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýny "G" toparçada geçiriler. Bu duşuşykda Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen Eýranyň milli ýygyndysy sagat 00:00-da meýdança çykar.
Soňra "H" toparçanyň beýleki duşuşygy geçiriler. Onda Urugwaýyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdäniň milli ýygyndysy sagat 03:00-da duşuşar.
Günüň soňky duşuşygy bolsa "G" toparçada bolar. Onda Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysy bilen Müsüriň milli ýygyndysy 22-nji iýunda sagat 06:00-da özara güýç synanyşar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam edýär. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirýär. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


