Futbol sanlarda: Dünýä çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň esasy rekordlary

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary köp sanly rekordlar we özboluşly görkezijiler bilen ýatda galdy. Käbir ýygyndylar taryhy üstünlik gazansa, käbir ýyldyzlar hem öz atlaryny ýene bir gezek dünýä futbolynyň ýyl ýazgysyna ýazdyrdy.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn Horwatiýanyň derwezesine penalti urgusyndan tapawutlanyp, dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp penalti goluny geçiren futbolçy boldy. Häzir onuň hasabynda bäş penalti goly bar. Şeýle hem Keýn Dewid Bekhemdan soň üç dürli dünýä çempionatynda tapawutlanan ikinji iňlis futbolçysy hökmünde taryha girdi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mikel Oýarzabal bolsa üýtgeşik görkezijiniň eýesi boldy. Statistika ýygnalyp başlan – 1966-njy ýyldan bäri dünýä çempionatlarynda ilkinji 30 minutyň dowamynda topa bir gezek hem degmedik ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Germaniýanyň milli ýygyndysy hem täze sahypa açdy. Kýurasao bilen geçirilen duşuşykda Dortmundyň «Borussiýasyndan» Niko Şlotterbek bilen Feliks Nmeça ilkinji gezek bir dünýä çempionatynyň oýnuna başlangyç düzümde bilelikde çykdy.

Meksika bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky açylyş duşuşygy hem taryha girdi. Dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek açylyş oýnunda üç gyzyl kart görkezildi.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kriştianu Ronaldu DR Kongo bilen geçirilen duşuşykda altynjy dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnuna çykdy. Şeýlelikde, ol Lionel Messiden soň alty dürli dünýä çempionatynda çykyş eden ikinji futbolçy boldy. Mundan başga-da, 41 ýaş 132 günlüginde başlangyç düzümde meýdança çykan iň garry meýdan oýunçysy hökmünde rekord goýdy.

Şeýle-de bolsa, portugaliýaly ýyldyz üçin käbir sanlar ýakymsyz boldy. Ol uly ýaryşlardaky (Ýewropa çempionaty we dünýä çempionaty) soňky 10 duşuşygynda gol geçirip bilmedi. Bu onuň şahsy antirekordyna öwrüldi. DR Kongo bilen oýunda Ronaldu topa bary-ýogy 25 gezek degdi, bu hem onuň üçin iň pes görkezijidir.

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy Ispaniýa bilen geçirilen duşuşykda diňe bir düzgün bozdy. Şeýlelikde, 1966-njy ýyldan bäri statistika alnyp barylýan döwrüň dowamynda bir duşuşykda iň az düzgün bozan topar hökmünde rekord goýdy.

Müsüriň ýyldyz futbolçysy Mohammed Salah bolsa dünýä çempionatlarynyň taryhynda doglan gününde netijeli hereket eden ilkinji afrikaly futbolçy boldy.

Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand Yrak bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, dünýä çempionatynda dubl eden ilkinji norwegiýaly futbolçy hökmünde taryha girdi. Şeýle hem onuň geçiren goly Norwegiýanyň XXI asyrdaky ilkinji dünýä çempionatyndaky goly boldy.

Iň täsirli üstünlikleriň biri Argentinanyň kapitany Lionel Messä degişlidir. Alžir bilen geçirilen duşuşykda het-trik eden 38 ýaşly hüjümçi dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 16-a ýetirdi we germaniýaly Miroslaw Klozeniň rekordyna şärik boldy. Şeýlelikde, Messi dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orny paýlaşýar.

Mundan başga-da, argentinaly ýyldyz bir duşuşykda iki ýa-da ondan köp gol geçiren iň garry futbolçy boldy. Ol 38 ýaş 359 günlüginde bu üstünligi gazandy. Şeýle hem Messi dünýä çempionatlarynda 11 dürli milli ýygyndynyň derwezesine gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde täze rekord goýdy.

Alžir bilen geçirilen oýun Messi üçin ýene birnäçe taryhy pursady getirdi. Ol dünýä çempionatlarynyň altysyna gatnaşan ilkinji futbolçy boldy, Argentinanyň milli ýygyndysyndaky 200-nji duşuşygyny geçirdi hem-de dünýä çempionatlarynda kapitan hökmünde 20-nji gezek meýdança çykyp, meksikaly Rafael Markesiň we Diego Maradonanyň görkezijilerini yzda galdyrdy.

Şeýlelikde, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry diňe gyzykly duşuşyklar bilen däl, eýsem täze rekordlar we taryhy üstünlikler bilen hem ýatda galdy.