"Realyň" düzümine Ibraima Konate goşuldy
«Real» topary täze möwsümiň öňüsyrasynda ýene bir möhüm transferi amala aşyrdy. Madridliler Angliýanyň «Liwerpul» toparyndan aýrylan fransiýaly merkezi goragçy Ibraima Konateni erkin agent hökmünde düzümine goşandygyny resmi taýdan yglan etdi.
«Real» tarapyndan ýaýradylan gysgaça beýannamada şeýle diýilýär:
"«Real Madrid» bilen Ibraima Konate ylalaşyga geldi. Şoňa laýyklykda, futbolçy 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli, ýagny indiki dört möwsümde madrid toparynda çykyş eder".
27 ýaşly goragçy möwsümiň tamamlanmagyndan soň «Liwerpul» bilen şertnamasyny uzaltmazlyk kararyna gelipdi. Şeýlelikde, ol "Enfildden" transfer tölegi bolmazdan aýryldy. Şol sebäpli madridliler futbolçyny erkin agent hökmünde öz düzümine çekmegi başardylar.
Konate 2021-nji ýylda Germaniýanyň «Leýpsig» toparyndan «Liwerpula» geçipdi. Şondan bäri ol mersisaýd toparynyň esasy goragçylarynyň birine öwrüldi. Fransiýaly futbolçy dört möwsümiň dowamynda ähli ýaryşlarda 183 duşuşyga gatnaşdy. Ol şol oýunlarda ýedi gol geçirip, dört asist berdi.
Konate «Liwerpulyň» düzüminde Angliýanyň içki ýaryşlarynda gazanyp boljak ähli esasy kuboklary gazanmagy başardy. Onuň hasabynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionlygy, Angliýanyň kubogy, Liganyň kubogy we Superkubok bar.
"Transfermarkt" portaly goragçynyň häzirki bazar bahasyny 45 million ýewro hökmünde görkezýär. Şeýlelikde, «Real» şeýle gymmatly futbolçyny hiç hili transfer tölegi tölemezden öz hataryna goşmagy başardy.
«Realyň» ýolbaşçylary soňky günlerde erkin agent bazarynda işjeň hereket edýär. 17-nji iýunda madridliler Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Bernardu Silwany hem «Mançester Siti» toparyndan erkin agent hökmünde öz düzümine goşupdy. Indi bolsa Konate hem "Santýago Bernabeuda" çykyş etjek futbolçylaryň hataryna goşuldy.
Ibraima Konateniň transferi «Realyň» prezidenti Florentino Peresiň saýlaw kampaniýasy döwründe wada beren geçişleriniň biri hökmünde görkezilipdi. Perez 7-nji iýunda geçirilen saýlawda gaýtadan prezident wezipesine saýlanypdy. Şondan soň toparyň ýolbaşçylary täze tälimçi Žoze Mourinýonyň ýolbaşçylygynda düzümi güýçlendirmek ugrunda işjeň hereket edýär.
Häzirki wagtda Konate Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşýar. Ol milli ýygyndy bilen birlikde toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklara taýýarlyk görýär.
Ýatlap geçsek, «Real» geçen möwsüm Ispaniýanyň La Ligasynda ikinji orny eýeläpdi. Çempionlyk bolsa «Barselona» toparyna nesip edipdi. Madridliler täze möwsümde hem içerki, hem-de Ýewropa ýaryşlarynda öňdäki orunlar ugrunda göreşmek üçin düzümine tejribeli we ýokary derejeli futbolçylary goşmagy dowam etdirýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


