DÇ - 2026. 17-nji iýunda we 18-nji iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklary geçirildi

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda 17-nji iýunda we 18-nji iýuna geçilýän gije "K" we "L" toparçalarynda birinji tapgyryň dört duşuşygy geçirildi.

"K" toparçadaky ilkinji duşuşykda Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen DR Kongonyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki "En-Er-Ji Stediumda" duşuşdy. Katarly emin Abdulrahman Al-Jassim tarapyndan dolandyrylan oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Portugallar eýýäm 6-njy minutda öňe saýlandylar. Žoau Neweş çep gyradan edilen geçirijiden soň kellesi bilen tapawutlandy. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň bäşinji minudynda bolsa DR Kongonyň hüjümçisi Ýoan Wissa jerime meýdançasyna edilen pasdan soň hasaby deňledi. Duşuşygy doly oýnan Kriştianu Ronaldu tapawutlanyp bilmedi.

Şeýlelikde, 41 ýaşly portugaliýaly ýyldyz Lionel Messiden soň dünýä çempionatlarynyň altysyna gatnaşan taryhdaky ikinji futbolçy boldy. Ol mundan öň 2006, 2010, 2014, 2018 we 2022-nji ýyllardaky ýaryşlarda hem çykyş edipdi. Ronaldu dünýä çempionatlarynda jemi 22 duşuşyk geçirip, sekiz gol geçirdi. Şeýle-de ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda başlangyç düzümde meýdança çykan iň ýaşuly meýdan oýunçysy hökmünde rekord goýdy.

"L" toparçadaky merkezi duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy Horwatiýanyň milli ýygyndysyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. ABŞ-nyň Arlington şäherindäki "AT&T" stadionynda geçirilen oýunda Garri Keýn 12-nji minutda penaltiden hasaby açdy. 36-njy minutda Martin Baturina hasaby deňledi. Emma 42-nji minutda Keýn dubl edip, Angliýany ýene öňe çykardy. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynda Petar Musa ýene deňlik getirdi.

Ikinji ýarym başlanandan iki minut soň Jud Bellingem angliýalylary üçünji gezek öňe çykardy. Oýnuň 85-nji minudynda Markus Reşford dördünji goly geçirip, duşuşygyň soňky netijesini kesgitledi.

"L" toparçanyň beýleki duşuşygynda Gananyň milli ýygyndysy Panamanyň milli ýygyndysyny iň soňky pursatda ýeňmegi başardy. Kanadanyň Toronto şäherindäki "BMO Fildde" geçirilen oýunda uzak wagtlap hasap açylmady. Diňe 90+5-nji minutda Kaleb Ýirenki tapawutlanyp, Gananyň ýygyndysyna üç utuk getirdi.

"K" toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen Kolumbiýanyň milli ýygyndysy Meksikanyň paýtagtyndaky "Asteka" stadionynda duşuşdy. Angliýaly emin Entoni Teýloryň ýolbaşçylygyndaky duşuşykda Kolumbiýa 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

40-njy minutda Luis Diasyň pasyndan soň Daniýel Munýos hasaby açdy. Ikinji ýarymda Abbosbek Faýzullaýew hasaby deňledi. Ýöne bary-ýogy bäş minutdan soň Dias özüniň adyny tabloda ýazdyrdy we Kolumbiýany ýene öňe çykardy. Duşuşygyň goşmaça wagtynyň dokuzynjy minudynda Haminton Kampas üçünji goly geçirip, kolumbiýalylaryň ýeňşini berkidip goýdy.

Şeýlelikde, birinji tapgyryň netijesinde "K" toparçada Kolumbiýanyň milli ýygyndysy üç utuk bilen birinji orna çykdy. Portugaliýa bilen DR Kongo bir utukdan toplady, Özbegistanyň milli ýygyndysy bolsa utuksyz galdy.

"L" toparçada Angliýanyň milli ýygyndysy üç utuk bilen toparyň başyna çykdy. Gana hem üç utuk toplady, emma gol tapawudy boýunça ikinji orunda ýerleşdi. Horwatiýanyň we Panamanyň milli ýygyndylary bolsa ilkinji tapgyrdan soň utuk gazanyp bilmedi.