DÇ - 2026. "K" we "L" toparçalaryň duşuşyklary geçiriler

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 17-nji iýunda we 18-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "K" we "L" toparçalarda dört gyzykly duşuşyk geçiriler.

Günüň ilkinji duşuşygy "K" toparçada bolar. Onda Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen DR Kongonyň milli ýygyndysy 17-nji iýunda sagat 22:00-da özara güýç synanyşar.

18-nji iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýny "L" toparçada geçiriler. Bu duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen Horwatiýanyň milli ýygyndysy sagat 01:00-da meýdança çykar.

Soňra şol toparçanyň beýleki duşuşygynda Gananyň milli ýygyndysy bilen Panamanyň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşyk sagat 04:00-da başlanar.

Günüň soňky oýny bolsa ýene-de "K" toparçada geçiriler. Onda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen Kolumbiýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Garşylaşygyň başlanjak wagty sagat 07:00.

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.