DÇ - 2026. 16-njy iýundan 17-nji iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklary
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaryň duşuşyklary dowam edýär. 16-njy iýundan 17-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "I" we "J" toparçalarda dört gyzykly garşylaşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "I" toparçada bolar. Onda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Senegalyň milli ýygyndysy 17-nji iýuna geçilýän gije sagat 00:00-da özara güýç synanyşar.
Soňra "J" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Yragyň milli ýygyndysy bilen Norwegiýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Bu oýun sagat 03:00-da başlanar.
Şol gije "I" toparçanyň beýleki duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Alžiriň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşygyň başlanjak wagty sagat 06:00.
Günüň soňky oýny bolsa "J" toparçada geçiriler. Onda Awstriýanyň milli ýygyndysy bilen Iordaniýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Garşylaşyk sagat 09:00-da başlanar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


