DÇ - 2026. Ýeňiş gazanan bolmady
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda "G" we "H" toparçalaryndaky 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyrda geçirilen dört duşuşygyň hem ählisi deňlik bilen tamamlandy we toparçalardaky ähli ýygyndylar ilkinji utuklaryny gazandy.
"H" toparçadaky ilkinji duşuşykda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mercedes-Benz" stadionynda geçirilen oýunda ispanlar uly artykmaçlyga eýe bolsalar-da, garşydaş derwezä ýol tapyp bilmediler.
Bu duşuşykda Ispaniýanyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnuna çykdy. Ol 71-nji minutda ätiýaçdan meýdança girdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Kabo-Werdeniň 40 ýaşly derwezeçisi Žozimar Wozinýa saýlandy. Tejribeli derwezeçi ýedi sany howply urgyny yzyna gaýtaryp, toparyna taryhy ilkinji utugyny gazandyrdy. Şeýle hem Kabo-Werde dünýä çempionatlaryndaky ilkinji duşuşygynda ilkinji utugyny aldy.
Şol toparçadaky beýleki duşuşykda Saud Arabystanyň milli ýygyndysy bilen Urugwaýyň milli ýygyndysy 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Saud Arabystan 41-nji minutda Abdulela Al-Amriniň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Urugwaýlylar bolsa diňe 80-nji minutda Arauho Wilçesiň goly bilen hasaby deňläp bildiler.
Bu duşuşykda Urugwaýyň tejribeli derwezeçisi Fernando Muslera 39 ýaş 364 günlüginde meýdança çykyp, ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryndaky iň ýaşuly futbolçysy boldy.

"G" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen Müsüriň milli ýygyndysy 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Müsür 20-nji minutda Emam Aşuryň goly bilen öňe çykdy. Bu hüjümiň netijeli pasyny Mohammed Salah berdi. Şeýlelikde, Salah dünýä çempionatlarynyň taryhynda doglan gününde netijeli hereket eden ilkinji afrikaly futbolçy boldy.
Belgiýalylar bolsa 66-njy minutda garşydaşyň goragçysy Mohammed Haniniň öz derwezesine geçiren golundan soň ýeňlişden halas boldy. Şeýle-de bu dünýä çempionatynda eýýäm üçünji awtogol hasaba alyndy.
Toparçanyň beýleki duşuşygynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysy 2:2 hasabynda deňlik bilen oýnady. Täze Zelandiýa 7-nji minutda Elaýja Jastyň goly bilen öňe saýlandy. Eýran 33-nji minutda Ramin Rezaýanyň goly bilen hasaby deňledi.
Ikinji ýarymda Elaýja Jast ýene bir gezek tapawutlanyp, Täze Zelandiýany öňe çykardy. Emma köp wagt geçmänkä, Mohammad Mohebi Eýranyň adyndan hasaby deňledi we duşuşygyň jemleýji netijesini kesgitledi.

1-nji tapgyrdan soň "H" toparçada Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystan we Urugwaý bir utukdan toplap, deň ýagdaýda ýerleşýärler.

"G" toparçada hem Belgiýa, Müsür, Eýran we Täze Zelandiýa bir utukdan gazanyp, toparçanyň sanawynda deňlik saklaýarlar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


