DÇ - 2026. 15-nji iýun we 16-njy iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklary
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaryň duşuşyklary dowam edýär. 15-nji iýunda we 16-njy iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "G" we "H" toparçalarda dört gyzykly garşylaşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "H" toparçada bolar. Onda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdäniň milli ýygyndysy 15-nji iýunda sagat 21:00-da özara güýç synanyşar.
Bu duşuşygyň öňüsyrasynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy üçin hoş habar gelip gowuşdy. Baş tälimçi Luis de la Fuente ýaş ýyldyz Lamin Yamalyň şikesinden doly saplanandygyny we Kabo-Werdä garşy geçiriljek duşuşykda meýdança çykyp biljekdigini tassyklady.
16-njy iýuna geçilýän gije "G" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen Müsüriň milli ýygyndysy duşuşar. Bu oýun sagat 00:00-da başlanar.
Şol gije "H" toparçanyň beýleki duşuşygynda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy bilen Urugwaýyň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşygyň başlanjak wagty sagat 03:00.
Günüň soňky oýny bolsa "G" toparçada geçiriler. Onda Eýranyň milli ýygyndysy bilen Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Garşylaşyk sagat 06:00-da başlanar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


