"Milan" täze baş tälimçisini belledi
Italiýanyň «Milan» toparynyň baş tälimçisi portugaliýaly hünärmen Ruben Amorim bolar. Bu barada transferler boýunça ygtybarly žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.
Maglumatlara görä, taraplaryň arasyndaky ylalaşyk doly tamamlandy. Amorim bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. Şeýle-de şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Portugaliýaly tälimçi täze toparynda ýylda salgytlardan soň 3,5 million ýewro gazanar. Mundan başga-da, onuň şertnamasynda A Seriýada hem-de Çempionlar ligasyndaky üstünlikler üçin dürli bonuslar bar.
Ruben Amorim «Milan» toparynda Massimiliano Allegriniň ornuny tutýar. Geçen möwsümde rossoneriler Italiýanyň çempionatynda ilkinji dörtlüge girip bilmedi we şonuň üçin täze möwsümde Çempionlar ligasynda däl-de, Ýewropa ligasynda çykyş eder.
Amorimiň soňky iş ýeri Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary boldy. Ol ýerde işinden aýrylandan bäri bary-ýogy bäş aý geçdi. Täze belleniliş diňe bir «Milana» däl, eýsem «Mançester Ýunaýtede» hem peýda getirer.
Ozal «Mançester Ýunaýted» Amorim we onuň tälimçiler topary bilen şertnamany ýatyrmagyň öwezine 15,9 million funt sterling töweregi töleg etmelidigini habar beripdi. Şeýle-de bolsa, portugaliýaly hünärmeniň täze işe ýerleşmegi sebäpli bu mukdar ep-esli azalar.
Habarlara görä, Amorim ýakyn günlerde Milana baryp, topar bilen resmi işine başlar. Gyzykly tarapy, 15-nji awgustda «Mançester Ýunaýted» bilen «Milan» Polşada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Şol oýunda Amorim ilkinji gezek öňki toparyna garşy baş tälimçi hökmünde meýdançanyň gyrasynda bolup biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


