"Real Madrid" Mark Kukurelýany düzümine goşdy

«Real Madrid» topary ispan goragçy Mark Kukurelýanyň transferini resmi taýdan yglan etdi. Ozal Londonyň «Çelsi» toparynda çykyş eden futbolçy bilen alty möwsüm möhletli şertnama baglaşyldy. Täze ylalaşyga görä, Kukurelýa 2032-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli madridlileriň düzüminde çykyş eder.

27 ýaşly goragçy 2022-nji ýyldan bäri «Çelsiniň» düzüminde oýnady. Ol londonly toparyň hatarynda ähli ýaryşlarda 163 duşuşyga gatnaşyp, 9 gol geçirdi we 13 asist berdi.

Geçen möwsümde Kukurelýa ähli ýaryşlary goşmak bilen 50 duşuşykda meýdança çykdy. Şol oýunlarda ol bir gol geçirip, dört gezek topardaşlaryna gol pasyny berdi.

Habarlara görä, transferiň bahasy 55 million ýewro boldy. Mundan başga-da, «Çelsi» futbolçynyň «Real Madriddäki» üstünliklerine baglylykda goşmaça 5 million ýewro bonus alyp biler.

Mark Kukurelýa futbol ýoluny «Barselonanyň» akademiýasynda başlapdy. Ol 2012 — 2020-nji ýyllar aralygynda katalon toparynyň ulgamynda terbiýelendi. Soňra birnäçe toparlarda çykyş eden goragçy 2022-nji ýylda «Çelsä» transfer bolupdy.

Transfer bazary boýunça hünärmenleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Kukurelýanyň bazar bahasy 50 million ýewro töweregi hökmünde bahalandyrylýar.