DÇ - 2026. 14-nji iýun we 15-nji iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklary
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaryň duşuşyklary dowam edýär. 14-nji iýunda we 15-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "E" we "F" toparçalarda dört gyzykly garşylaşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "E" toparçada bolar. Onda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen Kýurasaonyň milli ýygyndysy 14-nji iýunda sagat 22:00-da özara güýç synanyşar.
Soňra "F" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Bu oýun 15-nji iýunda sagat 01:00-da başlanar.
Şol gije "E" toparçanyň beýleki duşuşygynda Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy bilen Ekwadoryň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşygyň başlanjak wagty sagat 04:00.
Günüň soňky oýny bolsa "F" toparçada geçiriler. Onda Şwesiýanyň milli ýygyndysy bilen Tunisiň milli ýygyndysy duşuşar. Garşylaşyk sagat 07:00-da başlanar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


