DÇ - 2026. Şotlandiýa ýeňdi, Katar bolsa taryhy ilkinji utugyny gazandy
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda "B", "C" we "D" toparçalarda 1-nji tapgyryň ýene dört duşuşygy geçirildi. Oýunlarda iki deňlik hasaba alnyp, Şotlandiýa bilen Awstraliýa ýeňiş gazandy.
"B" toparçanyň duşuşygynda Katar bilen Şweýsariýanyň milli ýygyndylary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. ABŞ-nyň Santa-Klara şäherindäki "Lewaýs" stadionynda geçirilen oýunda hasaby 17-nji minutda Bril Embolo 11 metrlik jerime urgusyndan açdy. Şweýsariýa ýeňşe golaý gelen hem bolsa, Katar ahyrky minutlarda halas boldy. 90+4-nji minutda Bualem Huhi tapawutlanyp, hasaby deňledi. Şeýlelikde, Katar dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji utugyny gazandy.
"C" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Braziliýa bilen Marokkonyň milli ýygyndylary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Ist-Raterforddaky "MetLaýf" stadionynda geçirilen duşuşykda marokkolylar 21-nji minutda Ismael Saýbariniň goly bilen öňe saýlandy. Braziliýanyň jogaby köp garaşdyrmady we 32-nji minutda Winisius Žunior hasaby deňledi. Şeýlelikde, Braziliýa 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi.

Şol toparçanyň beýleki duşuşygynda Şotlandiýanyň milli ýygyndysy Gaitini 1:0 hasabynda ýeňdi. Foksboro şäherindäki "Žillet" stadionynda geçirilen oýnuň ýeke-täk goluny 29-njy minutda Jon Makgin geçirdi. Bu ýeňiş Şotlandiýanyň milli ýygyndysyna 1990-njy ýyldan bäri dünýä çempionatlaryndaky ilkinji ýeňşini getirdi. Şeýle hem şotlandlar üç utuk bilen "C" toparçada birinji orna çykdy.
"D" toparçanyň duşuşygynda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Türkiýäni 2:0 hasabynda ýeňdi. Wankuwer şäherindäki "Bi-Si Pleýs" stadionynda geçirilen oýunda hasaby 27-nji minutda Nestor Irankunda açdy. 75-nji minutda bolsa Konnor Metkalf toparynyň ikinji goluny geçirdi. Statistikada türkiýeli futbolçylar artykmaçlyk gazanan hem bolsalar, mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmediler.

Bu netijelerden soň "B" toparçada Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Şweýsariýa hem-de Katar bir utukdan toplady. "C" toparçada Şotlandiýa üç utuk bilen öňdeligi eýeleýär, Marokko bilen Braziliýanyň hasabynda bir utuk bar, Gaiti bolsa utuksuz galdy.

"D" toparçada ABŞ we Awstraliýa üç utukdan toplap, ilkinji iki orny paýlaşýar. Türkiýe bilen Paragwaý bolsa ilkinji tapgyrdan soň utuk gazanyp bilmedi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


