"B" we "D" toparçalarda ilkinji duşuşyklar geçiriler

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda 12-nji iýundan 13-nji iýuna geçilýän gije ýene-de iki toparçada ilkinji tapgyryň duşuşyklary geçiriler.

Ilki bilen "B" toparçanyň çäginde Kanadanyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Toronto şäherindäki stadionda geçiriler we Türkmenistanyň wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.

Bu oýun Kanada üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar. Sebäbi kanadalylar öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň öý eýesi hökmünde meýdança çykarlar. Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy bolsa dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Italiýany ýeňip, ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmagy başarypdy.

Şol gijäniň ikinji duşuşygy "D" toparçada geçiriler. Los-Anjeles şäherindäki stadionda ABŞ-nyň milli ýygyndysy Paragwaýyň milli ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyk Türkmenistanyň wagty bilen sagat 06:00-da başlanar.

Dünýä çempionatynyň üç öý eýesiniň biri bolan ABŞ ýaryşa üstünlikli başlamak isleýär. Maurisio Poçettinonyň ýolbaşçylygyndaky toparyň ilkinji garşydaşy bolsa örän howply Paragwaý ýygyndysy bolar. Günorta Amerikanyň wekilleri saýlama tapgyrynda dünýä çempiony Argentina bilen bäş gezekki dünýä çempiony Braziliýany ýeňmegi başarypdy.