Günorta Koreýa Çehiýany ýeňip, dünýä çempionatyna üstünlikli başlady

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň "A" toparçasyndaky ilkinji tapgyryň duşuşyklarynyň birinde Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy Çehiýanyň milli ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Meksikanyň Guadalahara şäherindäki stadionda geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda toparlar hasap açyp bilmediler. Emma ikinji ýarym başlanyndan soň çeh topary öňe saýlanmagy başardy.

Duşuşygyň 59-njy minutynda Çehiýanyň goragçysy Ladislaw Kreýçi tapawutlanyp, toparyny öňe çykardy. Şeýlelikde, "A: toparçada geçirilen ikinji duşuşykda ilkinji bolup çeh futbolçylary hasap açdy.

Günorta Koreýanyň jogaby uzak garaşdyrmady. Duşuşygyň 67-nji minutynda ýarymgoragçy Hwan In Bom garşydaş derwezesine ýol tapyp, hasaby deňledi. Bu gol aziýaly ýygyndynyň oýna täzeden dolanmagyna mümkinçilik berdi.

Hasap deňlenenden soň iki topar hem ýeňiş goluny gözläp başlady. 77-nji minutda Çehiýanyň tejribeli ýarymgoragçysy Tomaş Souçek jerime urgusyndan soň tora ýol tapdy. Emma wideo gaýtalama ulgamynyň barlagyndan soň gol oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli hasaba alynmady.

Duşuşygyň ykbalyny 80-nji minutda Günorta Koreýanyň hüjümçisi O Hýon Kýu çözdi. Ol garşydaş derwezesine ikinji goly geçirip, toparyna 2:1 hasabyndaky ýeňşi getirdi.

Şeýlelikde, Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky çykyşyna üç utuk bilen başlady. Aziýalylar häzirki wagtda "A" toparçada ikinji orny eýeleýärler. Şeýle hem olar dünýä çempionatlaryndaky sekizinji ýeňşini gazandylar.

Gyzykly tarapy, Günorta Koreýanyň dünýä çempionatlarynda 2:1 hasabynda gazanan dört ýeňşiniň hemmesinde hem olar ilkinji bolup gol geçiripdirler. Bu gezek hem şol däp dowam etdi. Koreýalylar ilki bilen goly öz derwezesinde gördüler, emma soňra hasaby öz peýdalaryna öwrüp bildiler.

Mundan başga-da, Günorta Koreýa 2002-nji ýyldan bäri dünýä çempionatlaryndaky ilkinji duşuşyklarda durnukly çykyş edip gelýär. Şol döwürden bäri geçirilen ýedi başlangyç oýnuň diňe birinde ýeňildi. Galan duşuşyklarda dört ýeňiş we iki deňlik gazandy.

Çehiýanyň milli ýygyndysy bolsa dünýä çempionatyna ýeňliş bilen başlady. Ýewropanyň wekilleri toparçadaky ilkinji oýundan soň utuk gazanyp bilmediler.

"A" toparçanyň ilkinji tapgyry tamamlanandan soň «Meksika» we Günorta Koreýa milli ýygyndylarynyň hersiniň hasabynda üç utuk bar. Çehiýa bilen Günorta Afrika Respublikasy bolsa heniz utuk gazanyp bilmediler.

Indiki tapgyrda Günorta Koreýa toparçanyň liderleriniň biri bolan Meksika bilen duşuşar. Çehiýanyň milli ýygyndysy bolsa Günorta Afrika Respublikasy bilen güýç synanyşar.