"Real Madrid" Žoze Mourinýony täzeden baş tälimçi wezipesine belledi
«Real Madrid» topary portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýony resmi taýdan baş tälimçi wezipesine belledi. Madridiň topary bu barada resmi beýanat ýaýradyp, direktorlar geňeşiniň 11-nji iýunda geçirilen mejlisinde degişli kararyň kabul edilendigini habar berdi.
Toparyň prezidenti Florentino Peresiň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisde kabul edilen karara laýyklykda, Mourinýo bilen üç möwsüm möhletli şertnama baglaşyldy. Täze ylalaşyk 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
Portugaliýaly hünärmen täze wezipesine 13-nji iýulda girişer. Hut şol gün «Real Madrid» 2026/27-nji möwsüme taýýarlyk işlerine resmi taýdan başlar.
Bu Žoze Mourinýonyň «Real Madriddäki» ikinji döwrüdir. Ol mundan ozal 2010-2013-nji ýyllar aralygynda hem madridlileriň baş tälimçisi bolupdy. Şol ýyllarda topar portugaliýaly hünärmeniň ýolbaşçylygynda 178 resmi duşuşyk geçirdi. Olaryň 127-sinde ýeňiş gazanyldy, 28 oýun deňlikde tamamlandy we 23 duşuşykda ýeňlişe sezewar bolundy.
Mourinýonyň ilkinji döwründe «Real Madrid» Ispaniýanyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle-de topar bir gezek Ispaniýanyň Kubogyny we bir gezek hem Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Şeýle-de bolsa, şol döwürde madridliler UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanyp bilmediler.
Žoze Mourinýo soňky gezek Portugaliýanyň «Benfika» toparynda işledi. Ol ýerde bir möwsümden hem az wagtlap zähmet çekdi. Lissabon topary bilen 45 resmi duşuşykda topary dolandyran hünärmen 27 ýeňiş gazandy, 10 gezek deňme-deň oýnady we 8 gezek ýeňildi. «Benfika» Portugaliýanyň çempionatyny 80 utuk bilen üçünji orunda tamamlady.
Soňky günlerde Mourinýunyň «Real Madride» dolanjagy barada köp maglumatlar peýda bolupdy. Ilkibaşda «Benfika» portugaliýaly tälimçiniň Madrid toparyna geçýändigini resmi taýdan tassyklapdy. Şeýle hem onuň şertnamasyndaky boşatma töleginiň 15 million ýewro bolandygy barada maglumat berlipdi. Emma şol wagt «Real Madrid» tarapyndan resmi tassyknama berilmändi.
Indi bolsa madridliler Mourinýonyň bellenendigini resmi taýdan yglan etdiler. Şeýlelikde, birnäçe günüň dowamynda dowam eden çaklamalara soňky nokat goýuldy.
Mourinýo wezipesinde ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloanyň ornuny eýeleýär. Arbeloa geçen möwsümiň dowamynda topary dolandyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda «Real Madrid» Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi we möwsümi kuboksyz tamamlady. Şeýle hem topar Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda ýaryşdan çykdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


