"Realyň" täze baş tälimçisi Žoze Mourinýo – "Benfika" tarapyndan tassyklanan geçiş
Portugaliýaly tejribeli tälimçi Žoze Mourinýo Lissabon şäheriniň «Benfika» toparyndan gitdi we karýerasyny Madridiň «Realynda» dowam etdirer. Lissabon topary resmi beýannama bilen Žoze Mourinýonyň şertnamasyndaky goýberilýän bölüm işjeňleşdirilip, onuň üçin «Real» tarapyndan 15 million ýewro tölenendigini tassyklady. «Benfika» topary tälimçisine iş üçin minnetdarlyk bildirip, geljek karýerasy üçin üstünlikler arzuw etdi.
Mourinýonyň «Benfikadaky» ikinji döwri bir ýyldan az dowam etdi. Bu wagtyň dowamynda ol 45 resmi duşuşyga ýolbaşçylyk edip, 27 ýeňiş, 10 deň netije we 8 ýeňliş ýazdy. Portugaliýanyň çempionatynda lissabonlylar 80 utuk bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle-de bolsa, Žoze Mourinýo «Benfikany» milli çempionlyk bilen tanyşdyryp bilmedi.
Tälimçi özüniň sosial tor sahypasynda futbolçylara we topar işgärlerine minnetdarlyk bildirdi: "Meniň bilen işleşen ähli futbolçylara çyndan sag bolsun aýdýaryn. Olar bilen diňe meýdançada däl, durmuşyň dowamynda hem ýeňiş gazanmaklaryny isleýärin. Biz berk gatnaşygy döretdik. Meniň bir gezek futbolçym – hemişelik futbolçym bolar. Şeýle-de, toparyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine ýokary hünär derejesi üçin minnetdarlyk bildirýärin, aýratyn-da klubyň prezidenti Rýu Koştua maňa bu mümkinçiligi berenligi üçin."
Şu pursatda «Benfika» resmi taýdan Mourinýonyň «Realyň» düzümine geçendigini tassyklady, emma «Real Madrid» häzirlikçe öz tarapyndan resmi maglumat bermeýär. Ýöne çeşmeler Žozeniň "Santýago Bernabeu" stadionynda baş tälimçi wezipesini almak üçin taýýarlyklary görýändigini habar berýär. 9-njy iýunda Mourinýo «Realyň» ýolbaşçylary bilen duşuşyp, geljekki transferler we taktiki strategiýalar boýunça maslahatlaşdy.
«Benfika» bolsa Mourinýonyň wezipeden gitmeginden soň täze baş tälimçi hökmünde Marku Silwany saýlady. Onuň bilen şertnama 2027/28 möwsümine çenli baglanyşyklydyr we bir ýyl uzaldylmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Bu karar Lissabon toparynyň geljekki strategiýasy üçin möhüm ädim hökmünde baha berilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


