"Mançester Ýunaýted" üç futbolçy bilen hoşlaşdy

«Mançester Ýunaýted» topary şertnamalarynyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli üç futbolçynyň topary terk edendigini resmi taýdan yglan etdi.

Iňlis topary braziliýaly ýarymgoragçy Kazemiro, ganat hüjümçi Jeýdon Sanço hem-de çep goragçy Taýrell Malasiýa bilen hoşlaşdy.

Kazemiro 2022-nji ýylyň tomsunda «Real Madridden» – «Mançester Ýunaýtede» goşulypdy. Şol wagt iňlis topary onuň üçin 70 million ýewrodan gowrak serişde töläpdi. 2025/26 möwsüminde tejribeli futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynda 34 duşuşykda 9 gol geçirip, 2 asist berdi. Häzir onuň indiki toparynyň MLS ligasynda çykyş edýän «Inter Maýami» bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Jeýdon Sanço bolsa 2021-nji ýylda «Borussiýa Dortmunddan» 85 million ýewro töweregi töleg bilen transfer edilipdi. Emma ol «Mançester Ýunaýtedde» özüni doly görkezmegi başarmady. Futbolçy soňky ýyllarda «Çelsi», «Borussiýa Dortmund» we «Aston Willa» toparlarynda kärende esasynda çykyş etdi. Bäş ýylyň dowamynda Sanço «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde bary-ýogy 12 gol geçirip, 6 asist berdi. Häzirki wagtda onuň transfer bahasy takmynan 17,4 million ýewro hökmünde görkezilýär. Käbir maglumatlara görä, futbolçy ýene-de «Borussiýa Dortmunda» dolanyp biler.

Taýrell Malasiýa 2022-nji ýylda Gollandiýanyň «Feýenoord» toparyndan 15 million ýewro töweregi töleg bilen transfer edilipdi. 26 ýaşly goragçy 2024/25 möwsüminiň ikinji ýarymynda «PSW» toparynda kärendede oýnady. Geçen möwsümde ol «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde Premýer-ligada diňe üç duşuşykda meýdança çykyp, jemi 15 minut oýnady.

Toparyň resmi beýannamasynda Kazemiro, Sanço we Malasiýanyň erkin agent hökmünde topardan gidýändigi tassyklandy. Şeýle hem derwezeçi Dermot Miýe täze şertnama teklip edilendigi habar berildi.

Şeýlelikde, «Mançester Ýunaýted» täze möwsümiň öňüsyrasynda düzüminde düýpli üýtgeşmelere başlap, birnäçe tejribeli futbolçy bilen resmi taýdan hoşlaşdy.