"Atletiko" Alwares üçin "Realdan" gelen teklibi yzyna gaýtardy

Madridiň «Realy» toparynyň prezidenti Florentino Peres saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, topara 150 million ýewrolyk ýyldyz oýunçyny getirmek isleýändigini mälim etdi. Birnäçe günläp metbugatda bu transferiň kimiň üçin ediljekdigi barada dürli çaklamalar ýaýrady. Ahyrynda bolsa madridliler göz öňünde tutulan futbolçynyň «Atletiko» toparynyň argentinaly hüjümçisi Hulian Alwaresdigini resmi taýdan mälim etdiler.

«Realyň» ýaýradan beýanatynda klubyň Alwares boýunça gyzyklanma bildirendigi aýdyldy. Şeýle-de bolsa, «Atletiko» bu teklibi kabul etmedi. Madridiň gyzyl-akly topary teklibe seredendigini, ýöne futbolçynyň şertnamasyndaky öwezini dolmak maddasyna (500 million ýewro) salgylanyp, ony yzyna gaýtarandygyny habar berdi.

Soňky aýlarda Hulian Alwaresiň ady diňe bir «Real» bilen däl, eýsem «Barselona» bilen hem baglanyşdyryldy. Kataloniýaly toparyň hem argentinaly hüjümçi bilen gyzyklanýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Emma «Atletiko» bu habarlary birnäçe gezek inkär etdi.

Klubyň wekilleri metbugata beren düşündirişinde Alwares baradaky gürrüňleriň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdylar.

"Bu diňe ýene bir ýalan maglumat. Birnäçe aý bäri ýalanlardan, ýarym hakykatlardan we futbolçylarymyzyň töwereginde döredilýän esassyz gürrüňlerden ýadadyk. Hulian özüni hemişe ýokary derejede alyp bardy, meýdançada ähli güýjüni berdi we ýokary hünärmençilik görkezdi. Bu gürrüňleriň onuň tarapyndan çykmaýandygyny bilýäris", — diýip, «Atletikonyň» wekilleri nygtadylar.

Madridliler Alwaresi satmaga gyssanmaýarlar. Futbolçynyň «Atletiko» bilen şertnamasy 2030-njy ýyla çenli dowam edýär. Şeýle hem onuň şertnamasynda 500 million ýewro möçberindäki öwezini dolmak maddasy bar. Hut şu ýagdaý hem kluba gepleşiklerde örän güýçli ýagdaý döredýär.

«Realyň» beýanatyndan soň «Atletiko» sosial ulgamlarda hem jogap berdi. Olar garşydaş şäherdeşlerini degişmeli äheňde tankytlap, birnäçe ýaňsylaýjy sözleri paýlaşdylar.

"Biz Hulian boýunça hiç hili teklibe seretmedik. Dogrusyny aýtsak, siz bizi hatda «Barselonadan» hem köp güldürýärsiňiz. Şeýle hem täze prezidentiňiz bilen gowy gatnaşyklaryňyz bar bolsa, akademiýamyzdan oýunçylary alyp gitmegi bes edäýiň" – diýip, «Atletiko» ýazdy.

Şeýlelikde, Hulian Alwaresiň geljegi baradaky gürrüňler dowam etse-de, häzirki wagtda «Atletiko» öz ýyldyz hüjümçisini satmak niýetiniň ýokdugyny açyk görkezdi. Madrid toparynyň ýolbaşçylary bolsa rekord derejeli transferi amala aşyrmak synanyşygyny dowam etdirýär.