"Barselonanyň" ýyldyzy Lamin Ýamal La Liganyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy

«Barselona» toparynyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi sahypalarynda habar berildi.

Diňe 18 ýaşynda bolandygyna garamazdan, ispan ganat hüjümçi geçen möwsümde kataloniýaly toparyň iň möhüm oýunçylarynyň birine öwrüldi. Ýamalyň ajaýyp çykyşy «Barselona» toparyna çempionlyk derejesini gorap saklamaga uly ýardam berdi.

Möwsümiň ahyrynda «Barselona» 38 tapgyrdan soň 94 utuk toplap, La Liganyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeledi. Topar möwsümiň dowamynda diňe alty gezek ýeňildi we 95 gol geçirip, çempionatyň iň netijeli topary boldy.

Lamin Ýamal bolsa çempionlyk möwsüminde aýratyn tapawutlandy. Ol La Ligada geçiren 28 duşuşygynda 16 gol geçirip, 12 asist berdi. Şeýlelikde, ýaş futbolçy "gol + asist" ulgamy boýunça 28 netijeli hereket bilen möwsümi tamamlady.

Bu üstünlik Ýamala La Liganyň ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyny getirdi. Ses berlişiginde ol «Realyň» ýyldyzy Kilian Mbappeni, «Betisiň» ýarymgoragçysy Pablo Fornalsy, «Wilýarrealyň» hüjümçisi Nikolas Pepeni hem-de «Malýorkanyň» öňki hatar oýunçysy Wedat Murikini yzda galdyrdy.

Soňky ýyllarda dünýä futbolynyň iň uly zehinleriniň biri hökmünde görkezilýän Ýamal şeýlelikde super ýyldyz derejesini ýene bir gezek tassyklady. Ýaş futbolçynyň üstünlikleri diňe baýrak bilen çäklenmedi. "Transfermarkt" portaly tarapyndan geçirilen soňky baha täzelenmesinden soň, Lamin Ýamalyň bazar bahasy 200 million ýewro derejesinde galdy.

Şeýlelikde, «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand bilen bilelikde dünýäniň iň gymmat futbolçysy derejesini paýlaşýar. Mundan öň bu sanawda Kilian Mbappe hem bardy, emma fransiýaly ýyldyzyň bahasy 20 million ýewro peselip, 180 million ýewro boldy.

Soňky täzelenmeden soň dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň ilkinji onlugy şeýle görnüşe eýe boldy:

1-2. Lamin Ýamal – 200 million ýewro
1-2. Erling Holand – 200 million ýewro
3. Kilian Mbappe – 180 million ýewro
4-5. Pedri – 150 million ýewro
4-5. Maýkl Olise – 150 million ýewro
6-9. Hwiça Kwarasheliýa – 140 million ýewro
6-9. Žoau Neweş – 140 million ýewro
6-9. Witinýa – 140 million ýewro
6-9. Winisius Žunior – 140 million ýewro
10. Jud Bellingem – 130 million ýewro

Ýamalyň «Barselona» bilen şertnamasy 2031-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Klub ýaş ýyldyzy geljekki taslamasynyň esasy bölegi hasaplaýar.

Soňky iki möwsümde görkezen ajaýyp oýny bilen Ýamal diňe bir «Barselonanyň» liderleriniň birine öwrülmän, eýsem dünýä futbolynyň iň gymmat we iň geljegi uly oýunçylarynyň hataryna hem goşuldy. La Liganyň ýylyň iň gowy futbolçysy baýragy bolsa onuň heniz 18 ýaşynda gazanan iň uly şahsy üstünlikleriniň biri hökmünde taryha girdi.