"Real" Maýkl Olise üçin 150 million ýewro taýýarlady
Madridiň «Real» topary tomusky transfer möwsüminde dünýä futbolynyň iň uly geleşiklerinden birini amala aşyrmaga synanyşýar. Soňky günlerde toparyň prezidenti Florentino Peresiň 150 million ýewrolyk transfer barada aýdan sözleri uly gyzyklanma döredipdi. Indi bolsa şol futbolçynyň kimdigi baradaky maglumatlar peýda boldy.
Habarlara görä, «Realyň» esasy nyşanasy Mýunheniň «Bawariýa» toparynda çykyş edýän fransiýaly ganat hüjümçi Maýkl Olisedir. Öň Peres özüniň göz öňünde tutýan futbolçysynyň Olise däldigini aýtsa-da, birnäçe çeşme we žurnalistler onuň hut şol oýunçyny nazarda tutandygyny habar berýärler.
Žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Florentino Peres prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjakdygyna ynamly bolup, sişenbe güni «Bawariýa» üçin resmi teklip taýýarlamagy meýilleşdirýär. Madridliler fransiýaly ýyldyz üçin 150 million ýewro tölemäge taýýar.
Emma nemes toparynyň ýolbaşçylary bu meselede örän berk durýarlar. «Bawariýanyň» ýolbaşçylaryndan Uli Hýoness ozal beren beýanatynda Maýkl Oliseniň topar üçin satylmajak futbolçylaryň biridigini aýdypdy.
"Hatda 200 million ýewro hem teklip edilse, biz Oliseni satmarys" – diýip, Hýoness aýratyn belläp geçipdi.
Bu ynamly pozisiýanyň esasy sebäbi futbolçynyň şertnamasy bilen baglanyşykly. 24 ýaşly hüjümçiniň «Bawariýa» bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Şol sebäpli nemes toparynyň oýunçyny satmaga hiç hili gyssagly zerurlygy ýok.
Olise geçen möwsümde Ýewropanyň iň täsirli futbolçylarynyň biri boldy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň agzasy ähli ýaryşlarda 52 duşuşykda meýdana çykyp, 22 gol geçirdi we 31 asist berdi. Şeýlelikde ol möwsümi 53 netijeli hereket bilen tamamlady.
Soňky ýyllarda «Bawariýanyň» hüjüm çyzygynyň iň howply oýunçylarynyň birine öwrülen Olise tizligi, dribling ukyby, döredijiligi we gol salmak başarnygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli hem Florentino Peres ony «Realyň» geljekki esasy ýyldyzlarynyň biri hökmünde görýär.
Şol bir wagtyň özünde Madridde 7-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawlary hem uly gyzyklanma döredýär. Florentino Peresiň esasy garşydaşy ispan telekeçisi Enrike Rikelmedir. Peres ýeňiş gazanan ýagdaýynda diňe bir täze baş tälimçi Žoze Mourinýony däl, eýsem birnäçe uly transferi hem amala aşyrmagy wada berýär.
Eger «Realyň» 150 million ýewrolyk teklibi hakykatdanam iberilse, bu toparyň taryhyndaky iň gymmat transferleriň biri bolup biler. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda «Bawariýanyň» ýolbaşçylary Maýkl Oliseni satmak niýetiniň ýokdugyny açyk görkezýärler.
Şonuň üçin hem dünýä futbolynyň üns merkezine öwrülen bu transfer dessanynyň ýakyn günlerde nähili dowam etjekdigi uly gyzyklanma döredýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


