"Liwerpul" Iraolany resmi taýdan baş tälimçi etdi
«Liwerpul» topary täze baş tälimçisiniň adyny resmi taýdan mälim etdi. Mersisaýd toparynyň başyna ispaniýaly hünärmen Andoni Iraola getirildi. 43 ýaşly tälimçi bu wezipede geçen hepde topar bilen hoşlaşan Arne Slotyň ornuny eýeledi.

Andoni Iraolanyň bellenilmegi barada habar birnäçe gün bäri metbugatda ara alnyp maslahatlaşylýardy. Indi bolsa «Liwerpul» bu geleşigi resmi taýdan tassyklaýar. Ispaniýaly hünärmen täze möwsümden başlap topara ýolbaşçylyk eder.
Iraola täze wezipesi baradaky ilkinji çykyşynda «Liwerpul» ýaly uly toparyň başyna geçendigine örän şatdygyny aýtdy.
— Men örän tolgundym. «Liwerpulyň» nähili uly topardygyny hemmeler bilýär. Bu diňe Angliýanyň däl, eýsem dünýäniň iň beýik toparlarynyň biridir. Emma toparyň içine girip, onuň nähili aýratyn klubdygyna has gowy düşünýärsiň. «Liwerpul» bilen gyzyklanmak üçin köp sebäbiň bolmagy hem hökman däl. Sebäbi «Liwerpul» – bu «Liwerpulyň» özidir. Janköýerler, atmosfera, ýokary derejeli futbolçylar we kuboklar ugrunda göreşmek mümkinçiligi bu işi örän özüne çekiji edýär. Men bu ýerde işe başlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, täze baş tälimçi aýtdy.
Iraola soňky üç möwsümde «Bornmut» toparynda üstünlikli işledi. Onuň ýolbaşçylygynda "üljeler" taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kuboklaryna gatnaşmak hukugyny gazandylar. Topar 2025/26 möwsümini Premýer-liganyň altynjy ornunda tamamlady.
Soňky möwsümde «Bornmut» möwsümiň ikinji ýarymynda 18 oýunlyk ýeňlişsiz tapgyr geçirdi. Hut şol üstünlikli seriýa topary ilkinji gezek Ýewropa ýaryşlaryna alyp çykdy. Iraolanyň agressiw pressingli we dikligine hüjüme esaslanýan oýun usuly köp futbol hünärmenleriniň ünsüni çekdi.
Andoni Iraola tälimçilik ýoluna 2018-nji ýylda Kipriň «AEK Larnaka» toparynda başlapdy. Ol ýerde gysga wagtda Kipriň Superkubogyny gazandy. Soňra Ispaniýanyň «Mirandes» toparyna geçdi.
2020-nji ýylda bolsa «Raýo Walýekano» toparynyň başyna geldi. Iraola ilkinji möwsüminiň özünde topary La Liga çykardy we soňraky ýyllarda Madridiň toparyny ýokary derejede saklamagy başardy.
2023-nji ýylda Premýer-ligada çykyş edýän «Bornmut» ony baş tälimçi wezipesine çagyrdy. Üç ýylyň dowamynda ol topary diňe bir ligada saklap galman, eýsem Ýewropa kuboklaryna çenli çykardy.
Futbolçy hökmünde hem Iraolanyň baý tejribesi bar. Ol esasan sag goragçy hökmünde çykyş edip, «Atletik Bilbao» toparynyň düzüminde 12 möwsümde 500-den gowrak duşuşyk geçirdi. Şeýle-de ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynda ýedi gezek meýdana çykdy. Futbolçylyk ýoluny bolsa ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Siti» toparynda tamamlady.
«Liwerpulyň» ýolbaşçylary täze baş tälimçiniň tejribesiniň we iş usulynyň topary täzeden çempionlyk göreşine goşjakdygyna ynanýarlar. Şeýlelikde, Premýer-liganyň iň meşhur toparlarynyň biri täze eýýamy Andoni Iraola bilen başlaýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


