FIFA dünýä çempionatynda rasizme garşy täze yşarat girizýär

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda rasizm bilen göreşmek üçin ýörite yşarat ulanylar. Bu täzelik FIFA tarapyndan durmuşa geçirilip, ýaryş wagtynda diskriminasiýa ýagdaýlaryna garşy has çalt çäre görülmegine mümkinçilik döreder.

Täze düzgüne görä, futbolçylar oýun wagtynda rasistik kemsitmelere ýa-da diskriminasiýa sezewar bolan ýagdaýynda ellerini döşleriniň üstünde çilşirip, eminlere ýörite yşarat bererler. Bu yşarat rasizmiň ýüze çykandygyny görkezýän resmi duýduryş hökmünde kabul ediler.

Futbolçydan şeýle yşarat alnandan soň, duşuşygyň baş emini FIFA-nyň "Ýok rasizme" atly maksatnamasynyň çäginde ýörite hereket meýilnamasyny işe girizip biler.

Bu meýilnama üç tapgyrdan ybarat bolar. Ilki bilen emin stadiondaky ýagdaý boýunça resmi duýduryş berýär. Eger kemsitmeler dowam etse, duşuşyk 15 minutlyk wagtlaýyn togtadylyp bilner. Şondan soň hem ýagdaý üýtgemese, emin oýny möhletinden öň tamamlamak hukugyna eýe bolar.

FIFA bu düzgünleriň dünýä futbolynda rasizme garşy göreşi güýçlendirmek we futbolçylar üçin has howpsuz şertleri döretmek maksady bilen girizilýändigini belleýär.

2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Bu ýaryş taryhda ilkinji gezek üç ýurduň bilelikde kabul edýän dünýä çempionaty bolar. Şeýle hem ilkinji gezek 48 milli ýygyndy çempionlyk ugrunda göreşer.

FIFA-nyň täze başlangyjy dünýä futbolynda deňligi, hormaty we diskriminasiýasyz gurşawy üpjün etmek ugrunda edilen möhüm ädimleriň biri hökmünde bahalandyrylýar.