A Seriýanyň täze myhmanlary belli boldy
Italiýanyň B Seriýasynda möwsüm tamamlandy we indiki möwsümde A Seriýada çykyş etjek üç topar belli boldy. Ýokary liga bu gezek hem gyzykly taslamalary, ýaş zehinleri we ozal elitada çykyş eden toparlary garşy alar. «Wenesiýa», «Frozinone» we «Monsa» 2026/27 möwsüminde Italiýanyň iň ýokary futbol ligasynda güýç synanyşar.

A Seriýa gaýdyp gelýän toparlaryň arasynda iň tanymallarynyň biri «Wenesiýa» boldy. Soňky ýyllarda topar ýygy-ýygydan ýokary liga bilen B Seriýanyň arasynda gatnap gelýär. Bu gezek toparyň başynda şeýle ýagdaýlara öwrenişen hünärmen Jowanni Stroppa durýar. Ol karýerasynda dört dürli topar bilen A Seriýasyna çykmagy başaran hem bolsa, henize çenli olaryň hiç biri bilen elitada uzak wagt saklanyp bilmändi.
«Wenesiýanyň» düzüminde birnäçe geljegi uly futbolçy hem bar. Derwezeçi Filip Stankowiç möwsümiň iň gowy futbolçylarynyň biri hökmünde görkezildi. Ol meşhur serb derwezeçisi Deýan Stankowiçiň ogly we Aleksandar Stankowiçiň doganydyr. Ýarymgoragçy Matteo Dagasso ilkinji gezek uly ýaşlylaryň milli ýygyndysyna çagyryldy. Hüjümçi Issa Dumbiýa bolsa ýaşlar milli ýygyndysynyň esasy futbolçylarynyň biri bolup, üstünlikli möwsümden soň Portugaliýanyň «Sporting» toparyna 20 million ýewrodan gowrak möçberdäki transfer bilen geçdi.
Topar tomusky transfer bazarynda hem işjeň hereket edip başlady. «Laziodan» gelen Toma Basiç täze transferleriň biri boldy. Ol geçen möwsüm Rim toparynda iň köp mümkinçilik döreden futbolçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýeläpdi.
A Seriýa dolanan iň uly garaşylmadyk toparlaryň biri bolsa «Frozinone» boldy. Topar bary-ýogy iki ýyl ozal elitada çykyş edipdi, emma geçen möwsümde hatda aşak düşmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Maliýe kynçylyklary sebäpli ýagdaý çylşyrymlaşan mahaly toparyň başyna Massimo Alwini geldi we ähli zady üýtgetdi.
Alwininiň ýolbaşçylygynda «Frozinone» ajaýyp möwsüm geçirdi. Topar oktýabr aýyndan bäri diňe bir gezek ýeňildi. Hünärmen ozal «Kremoneze» bilen hem A Seriýada çykyş edipdi we özüne mahsus hüjüm hem-de ýokary basyşly futbol stilini bu ýerde-de dowam etdirdi.
«Frozinone» häzirki wagtda B Seriýasynyň iň ýaş topary hökmünde tanalýar. Toparyň ortaça ýaşy bary-ýogy 23,8 boldy. Derwezeçi Lorenso Palmizani 21 ýaşynda ilkinji gezek uly ýaşlylaryň milli ýygyndysyna çagyryldy. Hüjümçi Antonio Raimondo hem toparyň esasy zehinleriniň biri hasaplanýar.
Mundan başga-da, toparda gürjüstanly futbolçy Georgi Kwernadze hem tapawutlandy. Ol köpler tarapyndan Hwiça Kwarasheliýa bilen deňeşdirilýär. 2023-nji ýylda topara gelen futbolçy bu möwsüm esasy düzüme ornaşyp, 6 gol we 5 asist bilen çykyş etdi. Şeýle hem üstünlikli driblingleriň sany boýunça toparyň öňdebaryjylarynyň biri boldy.
A Seriýa çykmagy başaran üçünji topar «Monsa» boldy. Silwio Berluskoniniň döwründe uly taslama hökmünde görkezilen topar onuň aradan çykmagyndan soň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Emma täze amerikaly eýeler taslama täze jan berdi.
Toparyň baş tälimçisi Paolo Býanko boldy. Ol ozal Massimiliano Allegri bilen Roberto de Zerbiniň tälimçiler toparynda işläpdi. Hünärmeniň futbol stili häzirki zaman italýan futbolynyň iň gyzykly ugurlarynyň biri hasaplanýar.
«Monsanyň» düzüminde hem janköýerlere gowy tanyş futbolçylar bar. Ýewropa çempiony Matteo Pessina henizem öz dogduk toparynyň kömekçi liderleriniň biri bolup galýar. Hüjümde bolsa Andrea Petanýa bilen Patrik Kutrone çykyş edýärler.
Topar pleý-offyň finalynda «Katandzaro» bilen duşuşdy. Ilkinji oýunda «Monsa» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Jogap duşuşygynda bolsa 0:2 hasabynda ýeňildi. Emma B Seriýasynyň düzgünlerine laýyklykda goşmaça wagt oýnalman, ýaryş tertibinde has ýokary orny eýelän topar hökmünde «Monsa» A Seriýa ýollanma aldy.
Şeýlelikde, 2026/27 möwsüminde Italiýanyň A Seriýasy täze we gyzykly taslamalary kabul eder. «Wenesiýa» elitada saklanmaga synanyşar, ýaş zehinlere baý «Frozinone» garaşylmadyk netijeleri görkezmäge çalşar, «Monsa» bolsa täze eýeleriniň ýolbaşçylygynda öňki şöhratyny dikeltmek ugrunda göreşer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


