TÝB - 2026. 7-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşyklary geçirildi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginde 3-nji iýunda 7-nji tapgyryň senesi üýtgedilen üç duşuşygy geçirildi.
Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçirilen duşuşykda «Nebitçi II» topary «Altyn Asyr II» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 14-nji minutda Söýenç Toýçyýew geçirip, toparyna üç utuk getirdi.
Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen oýunda «Ahal II» topary myhmançylykda «Aşgabat II» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ilkinji gol 59-njy minutda Begenç Orazmuhammedowyň adyna ýazyldy. Ondan soň Medetgeldi Çaryýew 64-nji we 80-nji minutlarda iki gezek tapawutlandy. Duşuşygyň soňky goluny bolsa 90+3-nji minutda Eziz Myratlyýew geçirdi.
Şol stadionda geçirilen beýleki duşuşykda «Arkadag II» topary «Köpetdag II» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Myhman toparyň gollaryny 55-nji minutda Süleýman Gowşudow hem-de 59-njy minutda Ýagmyr Hojiýew geçirdi.
Ýatladýarys, tapgyryň ilkinji duşuşygy 9-njy maýda Türkmenbaşy şäherindäki "Şagadam" stadionynda geçirilipdi. Şonda «Şagadam II» bilen «Merw II» toparlarynyň arasyndaky oýun 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Şeýlelikde, 7-nji tapgyrdaky ähli duşuşyklar tamamlandy.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


