Bundesliganyň täze myhmanlary belli boldy
Germaniýanyň ikinji Bundesligasynda möwsüm tamamlandy we indiki möwsümde ýurduň iň ýokary ligasynda çykyş etjek üç topar belli boldy. «Şalke 04», «Elwersberg» we «Paderborn 07» üstünlikli möwsüm geçirip, Bundesliga ýollanma gazandylar. Olaryň arasynda ozalky şöhratyny gaýtaryp alan topar hem, kiçijik şäherçeden gelip uly sensasiýa döreden topar hem bar.

Ikinji Bundesliganyň çempiony bolan «Şalke 04» üç ýyldan soň elitadaky ornuny gaýtaryp aldy. Gelsenkirhen topary 2024/25 möwsüminde bary-ýogy 14-nji orny eýeläpdi. Emma ýagdaý bir ýylyň içinde düýpgöter üýtgedi.
Toparyň başyna gelen Miron Musliç hem-de birnäçe üstünlikli transferler «Şalkeni» ýene-de Germaniýanyň iň güýçli toparlarynyň hataryna dolady. Tejribeli hüjümçi Edin Jeko bilen horwatiýaly ýarymgoragçy Deýan Lýubiçiç toparyň esasy güýçleriniň birine öwrüldiler.
Möwsümde «Şalke» iň ygtybarly goragy bolan topar hökmünde tapawutlandy. Topar bary-ýogy 31 gol geçirtdi. Bu üstünlikde derwezeçi Loris Kariusyň paýy aýratyn uly boldy. Ol 13 duşuşykda derwezesini gol geçirtmezden saklap, karýerasyndaky iň gowy möwsümleriniň birini geçirdi. Şeýle hem statistikalar onuň goşmaça 5,2 goluň öňüni alandygyny görkezýär.
«Şalkäniň» ýene bir täsin tarapy onuň janköýerleridir. Topar ikinji Bundesligada çykyş eden hem bolsa, öý duşuşyklaryna ortaça 61 müň tomaşaçy geldi. Bu görkeziji diňe Germaniýada däl, eýsem bütin Ýewropada-da iň ýokarylaryň biri boldy.
Möwsümiň iň uly sensasiýasy bolsa «Elwersberg» boldy. Bu topar bary-ýogy 13 müň ilaty bolan kiçijik şäherçä wekilçilik edýär. Dört ýyl ozal olar Germaniýanyň dördünji ligasynda çykyş edýärdiler.
Geçen möwsüm «Elwersberg» Bundesliga çykmaga örän golaý gelipdi, emma pleý-off duşuşyklarynda «Haýdenhaým» tarapyndan saklanypdy. Bu gezek topar soňky tapgyrda ýeňiş gazanyp, arzuwyna ýetdi.
Toparyň düzümi hem beýleki bäsdeşleri bilen deňeşdirilende örän sada görünýär. «Elwersbergiň» umumy transfer bahasy bary-ýogy 28 million ýewro töwereginde. Bu görkeziji boýunça hatda ligadan düşen käbir toparlar hem olardan gymmat düzüm toplapdy.
Toparyň iň gymmat futbolçysy hem bary-ýogy 3 million ýewro bahalanýan Bambase Konte boldy. «Hoffenhaým» toparyndan kärendesine gelen futbolçy möwsümde toparyň esasy oýunçylarynyň biri hökmünde çykyş etdi.
«Elwersberg» Bundesliganyň taryhyna hem girer. Sebäbi toparyň stadiony ýokary liganyň taryhyndaky iň kiçi stadionlaryň biri bolar. Arena diňe 9,3 müň tomaşaçy kabul edip bilýär.
Ýokary liga çykan üçünji topar «Paderborn 07» boldy. Topar soňky tapgyrdaky dartgynly duşuşykda «Wolfsburgy» ýeňip, alty ýyldan soň Bundesliga dolanmagy başardy.
Bu üstünligiň esasy sebäpleriniň biri ýaş tälimçi Ralf Kettemann boldy. Häzir 39 ýaşyndaky hünärmen ozal diňe kömekçi tälimçi we ýaşlar toparlarynda işläpdi. Emma ilkinji uly synagynda üstünlik gazandy.
Onuň ýolbaşçylygynda «Paderborn» 21-nji tapgyrdan 31-nji tapgyra çenli uzaga çeken ýeňilmezlik tapgyryny geçirdi. Hut şol döwür toparyň ýokary liga çykmagynda möhüm rol oýnady.
«Paderbornyň» düzüminde daşary ýurtly futbolçylar örän az. Toparyň düzümindäki ýeke-täk legioner amerikaly ýarymgoragçy Santýago Kastaňeda boldy. Galan futbolçylaryň aglabasy germaniýalylardan ybarat.
Toparyň kapitany bolsa meşhur futbolçy Mario Götzäniň dogany Feliks Götzedir. Merkezi goragçy hökmünde çykyş edýän futbolçy möwsümde toparyň liderleriniň biri boldy.
Şeýle-de bolsa, «Paderbornyň» öňünde möhüm synag dur. Topar ozal iki gezek – 2014/15 we 2019/20 möwsümlerinde Bundesliga çykypdy. Emma iki ýagdaýda-da soňky orny eýeläp, dessine aşak düşüpdi.
Şeýlelikde, 2026/27 möwsüminde Germaniýanyň Bundesligasynda «Şalke 04», «Elwersberg» we «Paderborn 07» çykyş eder. Ozalky şöhratyny gaýtaran «Şalke», kiçijik şäherçäniň uly sensasiýasy bolan «Elwersberg» hem-de ýene bir gezek özüni görkezmäge mümkinçilik alan «Paderborn» täze möwsümiň iň gyzykly toparlarynyň biri bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


