TÝB - 2026. 11-nji tapgyr tamamlandy

Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginde 11-nji tapgyryň ähli duşuşyklary geçirildi.

Balkanabat şäherindäki "Sport toplumynda" geçirilen duşuşykda «Nebitçi II» topary «Köpetdag II-den» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky gollary 44-nji minutda Elýas Agöýliýew hem-de 64-nji minutda Amanmyrat Täşliýew geçirdi.

Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen oýunda «Merw II» topary ýer eýelerini 4:0 hasabynda ýeňdi. Myhmanlaryň gollarynyň ikisi «Aşgabat II-niň» futbolçysy Arslan Saparowyň 10-njy we 83-nji minutlardaky öz derwezesine geçiren gollaryndan geldi. Şeýle-de Sungat Kakaýew 27-nji minutda, Nurmuhammet Tirkişow bolsa 41-nji minutda tapawutlandy.

Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky futbol meýdançasynda geçirilen duşuşykda «Şagadam II» topary «Arkadag II-ni» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 13-nji minutda Muhammet Allaberdiýew geçirdi.

Tapgyryň iň çekeleşikli duşuşygy Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumynda" geçirildi. Onda «Altyn Asyr II» topary «Ahal II-den» 3:2 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryny 11-nji minutda Ýakupberdi Baýramgeldiýew, 42-nji minutda Resul Röwşenmyradow we 81-nji minutda Orazguly Orazgulyýew geçirdiler. «Ahal II-niň» düzüminde bolsa Medetgeldi Çaryýew 25-nji minutda, Jemşit Mädeminow 52-nji minutda tapawutlandy.

11-nji tapgyrdan soň ýaryşyň sanawynda «Nebitçi II» topary 10 duşuşykdan toplan 21 utugy bilen birinji orunda barýar. 8 oýundan 19 utuk toplan «Arkadag II» ikinji basgançakda ýerleşýär. Şol sanda 11 duşuşykdan 19 utuk gazanan «Şagadam II» üçünji orny eýeleýär.

Möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda «Altyn Asyr II-niň» hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew 13 gol bilen öňdeligi saklaýar. Ikinji ýerde 11 gol bilen «Nebitçi II-niň» futbolçysy Elýas Agöýliýew barýar. Üçünji orny bolsa 8 gol bilen «Ahal II-niň» hüjümçisi Medetgeldi Çaryýew eýeleýär.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.