Barselona adyny alan gazagystanly zenan maşgala däbini dowam etdirdi

Gazagystanyň 36 ýaşly ýaşaýjysy öz adyny resmi taýdan üýtgedip, Aýtolkyn adynyň ýerine Barselona adyny kabul etdi. Bu üýtgeşik karar onuň maşgalasyndaky köp ýyllyk däp bilen baglydyr.

Zenanyň aýtmagyna görä, bu däbi maşgalada ilkinji bolup atasynyň özi başlapdyr. Ol agtyklaryna Olimpiýa oýunlaryny kabul eden şäherleriň atlaryny dakmagy halaýar eken. Şol sebäpli maşgalada Seul, Sidneý we Tokio ýaly atlary göterýän adamlar hem bar.

Barselona täze ady saýlamagyň doly oýlanyşykly ädim bolandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, täze ady diňe bir dünýä belli şäheriň ady bolman, eýsem maşgalasynyň taryhynyň bir bölegi hem-de öz şahsyýetini görkezmegiň bir usulydyr.

Ol bu adyň özüniň durmuş garaýyşlaryna, içki dünýäsine we ýaşaýşa bolan çemeleşmesine laýyk gelýändigini aýtdy. Şeýle-de Barselona täze adynyň özboluşlylygyny has aýdyň görkezýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Barselona şäheri 1992-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna öý eýeçiligini edipdi. Şol Olimpiada taryhda iň ýatda galyjy oýunlaryň biri hasaplanýar. Bu ýaryşlar şäheriň ösüşine uly täsir edip, ony dünýäniň esasy syýahatçylyk we sport merkezleriniň birine öwürdi.

Şeýlelikde, gazagystanly zenanyň adyny Barselona diýip üýtgetmegi diňe bir şahsy karara däl, eýsem nesilden-nesle geçip gelýän maşgala däbine hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi.