UCL. "PSŽ" bilen "Arsenalyň" Çempionlar ligasynyň finalyna taýýarlygynda tapawutlar ýüze çykdy

Ýewropanyň iň abraýly klublar ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň finalynyň öňüsyrasynda «PSŽ» bilen «Arsenalyň» alyp barýan işleri köpçüligiň ünsüni çekdi. Iki topar hem Budapeştde geçiriljek final duşuşygyna taýýarlyk görýär, emma toparlaryň öz işgärlerine bolan çemeleşmesi hem-de möwsüm boýunça oýunçylaryň ýükleniş derejesi babatda ep-esli tapawut bar.

Fransiýanyň «PSŽ» topary finala gatnaşjak işgärleriniň ähli çykdajylaryny öz üstüne aldy. Toparyň ýolbaşçylary işgärler üçin uçuş, myhmanhana we duşuşyga giriş peteklerini doly tölemegi karar etdiler. Şeýle tejribe geçen ýyl hem ulanylypdy. Şonda toparyň 500 töweregi işgäri final duşuşygyna gatnaşypdy. Mundan başga-da, duşuşykdan soň toparyň futbolçylary işgärlere aýratyn pul baýragyny gowşuryp, olaryň zähmetine minnetdarlyk bildiripdi.

«Arsenal» bolsa işgärlerine final üçin petekleri mugt berse-de, ýol çykdajylaryny öz üstüne almady. Londonly topar işgärlere üçünji tarap syýahatçylyk kompaniýasynyň ýörite çarter uçuşyndan peýdalanmagy teklip etdi. Şeýlelikde, olar duşuşykdan soň tiz wagtda Londona dolanyp gelip bilerler. Emma bu teklip işgärleriň hemmesini kanagatlandyrmady. Sebäbi iki taraplaýyn uçuşyň bahasy takmynan 1000 ýewro barabar boldy. Şol sebäpli işgärleriň bir bölegi Budapeşte gitmegiň ýerine finaly Londondaky "Emireýts" stadionynda synlamagy makul bildi. Maglumatlara görä, bu teklibi işgärleriň diňe üçden bir bölegi kabul etdi.

Finalyň öňüsyrasynda toparlaryň fiziki taýýarlygy hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Statistik maglumatlara görä, «PSŽ» esasy düzümdäki futbolçylaryna möwsümiň dowamynda has köp dynç bermäge mümkinçilik tapdy. Çempionlar ligasynda yzygiderli çykyş eden futbolçylaryň köpüsi Fransiýa çempionatynda doly ýüklenmedi.

Mysal üçin, toparyň esasy oýunçylaryndan Witinýa we Willian Paço Çempionlar ligasynda ähli minutlarda diýen ýaly çykyş eden bolsalar, ýurduň çempionatynda olaryň oýnan wagty ep-esli az boldy. Şeýle çemeleşme toparyň liderleriniň finala has tämiz fiziki ýagdaýda gelmegine şert döretdi.

«Arsenalda» bolsa ýagdaý başgaça boldy. Mikel Artetanyň topary möwsümiň ahyryna çenli Angliýanyň çempionlygy ugrunda göreş alyp bardy. Şol sebäpli tälimçiler düzümi giň möçberde aýamaga mümkinçilik tapmadylar. Esasy futbolçylaryň köpüsi hem Premýer-ligada, hem-de Çempionlar ligasynda yzygiderli meýdança çykdy.

Mundan başga-da, möwsümde 2000 minutdan köp oýnan futbolçylaryň sany hem toparlaryň arasynda tapawutlanýar. «PSŽ»-de şeýle futbolçylaryň sany 17 bolsa, «Arsenalda» bu görkeziji 14-e deň boldy.

Budapeştde geçiriljek final duşuşygy 30-njy maýda Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.