Transfer. "Tottenhem" Senesini düzümine goşýar

Londonyň «Tottenhem» topary täze möwsümiň öňüsyrasynda gorag liniýasyny güýçlendirmek ugrunda möhüm ädim ätdi. Žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, «Bornmutyň» merkezi goragçysy Markos Senesi ýakyn wagtda "şporlaryň" futbolçysy bolar. Taraplar eýýäm dilden ylalaşyga gelipdirler we geçiş boýunça soňky resminamalar taýýarlanylýar.

Habarlara görä, argentinaly futbolçy täze topary bilen dört ýyllyk şertnama baglaşar. Käbir çeşmelerde şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli dowam etjekdigi hem bellenilýär. Iň gyzykly tarapy bolsa, Senesiniň «Tottenheme» erkin agent hökmünde geçjekdigidir. Sebäbi onuň «Bornmut» bilen şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanýar.

29 ýaşly goragçy üçin «Tottenhem» diňe bir topar bolmady. Futbolçy bilen «Mançester Ýunaýted», «Çelsi», hatda soňky hepdelerde «Liwerpul» hem gyzyklanýardy. Şeýle-de bolsa, londonly topar bu göreşde ähli garşydaşlaryndan öňe geçmegi başardy.

Markos Senesi professional karýerasyna Gollandiýanyň «Feýenoord» toparynda başlapdy. Ol 2022-nji ýylyň tomsunda 15 million ýewro garşylygynda «Bornmuta» transfer bolupdy. Şondan bäri argentinaly futbolçy toparyň esasy goragçylarynyň birine öwrüldi.

Soňky dört möwsümiň dowamynda Senesi «Bornmutyň» düzüminde 128 duşuşyga gatnaşdy. Bu oýunlarda ol 6 gol geçirip, 10 asist berdi. Diňe geçen möwsümde ähli ýaryşlary goşanda 39 duşuşyk geçirip, 5 asist bilen tapawutlandy.

"Transfermarkt" portaly häzirki wagtda goragçynyň bahasyny 22 million ýewro diýip kesgitleýär. Emma «Tottenhem» bu transfer üçin töleg tölänok, sebäbi futbolçy tomusda erkin agent ýagdaýynda toparyny terk edýär.

«Tottenhem» üçin täze goragçynyň gelmegi aýratyn möhümdir. Sebäbi topar geçen möwsüm Angliýanyň Premýer-ligasynda örän şowsuz çykyş etdi. Londonly topar diňe soňky tapgyrda ýeňiş gazanyp, ýokary ligada galmagy başardy. "Şporlar" möwsümi 17-nji ýerde tamamlady we çykyşyndan nägile bolan ýolbaşçylar tomus transfer döwründe düzümde uly üýtgeşmeleri amala aşyrmaga girişdiler.

Soňky günlerde toparyň diňe Senesini däl, eýsem «Liwerpulyň» tejribeli goragçysy Endrýu Robertsony hem düzümine goşjakdygy barada habarlar çykdy. Şeýlelikde, «Tottenhem» täze möwsümde gorag liniýasyny düýpli güýçlendirmegi maksat edinýär.

Markos Senesiniň Premýer-ligadaky tejribesi, güýçli fiziki taýýarlygy we howa toplaryndaky ygtybarly oýny «Tottenhem» üçin möhüm goşant bolup biler. Şeýle-de argentinaly futbolçy top bilen oýnamagy başarýan häzirki zaman merkezi goragçylarynyň biri hökmünde tanalýar.