Transfer. "Barselona" Entoni Gordony transfer etmäge örän golaýlaşdy
Kataloniýanyň «Barselona» topary tomusky transfer penjiresiniň iň sesli geçişleriniň birini amala aşyrmaga örän golaý geldi. Ispan topary Angliýanyň «Nýukasl» toparynyň gapdal hüjümçisi Entoni Gordon bilen şahsy şertler boýunça doly ylalaşyga geldi.
Bu barada meşhur žurnalist Fabrizio Romano habar berdi. Maglumata görä, 25 ýaşly iňlis futbolçysy «Barselonanyň» taslamasyny doly kabul edip, karýerasyny Ispaniýada dowam etdirmek isleýändigini mälim etdi.
Transferiň kesgitlenen bahasynyň 70 million ýewro bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de şertnamadaky goşmaça bonuslar sebäpli bu mukdar 80 million ýewrodan hem geçip biler.
Futbolçy bilen şertler boýunça ylalaşyk gazanylandan soň «Barselonanyň» ýolbaşçylary dessine «Nýukasl» bilen resmi gepleşiklere başlady. Katalon topary transferi mümkin boldugyndan çalt tamamlamaga synanyşýar. Sebäbi Entoni Gordon üçin diňe bir «Barselona» däl, eýsem Angliýanyň birnäçe topary we Germaniýanyň «Bawariýa» topary hem gyzyklanma bildirýär.
Şonuň üçin "gök-gyzyllar" beýleki toparlardan öňürti hereket edip, futbolçynyň geçişini gysga wagtda ýapmagy maksat edinýär. Habarlara görä, Gordon penşenbe güni Barselona şäherine baryp, lukmançylyk barlagyndan geçer we şertnama gol çeker.
Hatda futbolçy üçin myhmanhana hem öňünden bron edilipdir. Onuň töweregindäkiler häzirki wagtda ýaşajak öýüni gözlemek işleri bilen meşgullanýar.
Entoni Gordon geçen möwsümde «Nýukaslyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 46 duşuşyk geçirip, 17 gol geçirdi we bäş asist etdi. Futbolçy çep ganatda çykyş etse-de, sag ganatda we merkezi hüjümde hem oýnap bilýär.
Gordon «Ewertonyň» akademiýasynyň ýetişdiren futbolçysy bolup, soňra kärendesine «Prestonda» hem çykyş edipdi. Ol 2023-nji ýylyň ýanwarynda «Nýukasla» geçipdi. Şondan bäri iňlis toparynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi.
Şeýle-de «Barselona» bu transfer sebäpli goragçy Alessandro Bastoni bilen bagly meýilnamalaryny yza goýdy. Italiýanyň «Inter» toparynyň merkezi goragçysy uzak wagt bäri katalon toparynyň esasy nyşanalarynyň biri hasaplanýardy. Emma klub häzirki wagtda hüjüm çyzygyny güýçlendirmäge has köp üns berýär.
Şol sebäpli «Barselona» ähli güýjüni Entoni Gordonuň transferine gönükdirdi. Şeýle-de toparyň Madridiň «Atletiko» toparynyň hüjümçisi Hulian Alwares bilen hem gyzyklanýandygy barada gürrüňler dowam edýär.
Eger transfer resmi taýdan amala aşsa, Entoni Gordon Hans-Diter Fligiň ýolbaşçylygyndaky «Barselonanyň» tomusky ilkinji uly transferleriniň biri bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


