APL. "Arsenalyň" Artetasy bilen "Kowentri Sitiniň" Lempardy ýylyň iň gowy tälimçileri saýlandy
2025/26 möwsümi Angliýanyň futbolynda birnäçe täsin netijeler bilen ýatda galdy. Möwsümiň tamamlanmagy bilen dürli baýraklaryň eýeleri hem belli boldy. «Arsenalyň» baş tälimçisi Mikel Arteta Premýer-liganyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edilen bolsa, «Kowentri Sitiniň» tälimçisi Frenk Lempard Angliýanyň Tälimçiler assosiasiýasy tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna mynasyp boldy.
Premýer-liganyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Mikel Arteta möwsümiň iň gowy tälimçisi baýragyny gazandy. Ispaniýaly hünärmen bu baýrak ugrunda «Mançester Sitiniň» tälimçisi Hosep Guardiola, «Brentfordyň» tälimçisi Kit Endrýus, «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi Maýkl Kerrik, «Bornmutyň» tälimçisi Andoni Iraola hem-de «Sanderlendiň» tälimçisi Rejis Le Briş ýaly hünärmenlerden öňe geçdi.

Arteta geçen möwsümde «Arsenaly» 22 ýyldan soň ilkinji gezek Angliýanyň çempionlygyna ýetirdi. London topary möwsümi 85 utuk bilen tamamlap, «Mançester Sitini» yzda galdyrdy. Şeýlelikde, «Arsenal» uzak arakesmeden soň ýene-de Premýer-liganyň kubogyny gazandy.
Bu üstünlik Arteta üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Ol Arsen Wengerden soň «Arsenalyň» düzüminde Premýer-liganyň ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyny alan ilkinji hünärmen boldy. Wenger ozal topar çempion bolan üç möwsüminde – 1997/98, 2001/02 we 2003/04 möwsümlerinde bu baýragy gazanypdy.
Soňky möwsümde bolsa bu baýrak «Liwerpulyň» tälimçisi Arne Slota berlipdi. Premýer-liganyň taryhynda iň köp gezek ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyny alan tälimçi hökmünde «Mançester Ýunaýtediň» rowaýaty Aleks Fergýuson öňdeligi saklaýar. Şotlandiýaly hünärmen bu baýragy 10 gezek gazanypdy.
Şol bir wagtda Angliýanyň Tälimçiler assosiasiýasy tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi baýragy Frenk Lemparda gowşuryldy. «Kowentri Sitiniň» tälimçisi toparyny 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Premýer-liga çykarmagy başardy. «Kowentri» Çempionşipiň ýeňijisi boldy we täze möwsümde ýokary ligada çykyş eder.
.png)
Lemparda gowşurylan baýrak Aleks Fergýusonyň adyny göterýär. Fergýuson saglyk ýagdaýy sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp bilmedi. Onuň ýerine baýragy Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Tomas Tuhel gowşurdy.
Dabarada Fergýusonyň Lemparda ýazan şahsy gutlag haty hem okaldy. Hatda rowaýata öwrülen tälimçi Lempardyň toparynyň möwsüm dowamynda ynamly hem-de täsirli futbol görkezendigini aýratyn nygtady. Şeýle-de onuň tälimçi hökmünde ösüşe bolan höwesini we kiçigöwünliligini ýokary bahalandyryp geçdi.
Şeýlelikde, Angliýada ýylyň tälimçileri boýunça iki esasy baýrak dürli hünärmenlere berildi. Premýer-liganyň iň gowy tälimçisi hökmünde Mikel Arteta saýlanan bolsa, ähli ligalaryň arasynda ýylyň iň gowy tälimçisi baýragy Frenk Lemparda nesip etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


