TÝL - 2026. "Arkadag" uly hasaply ýeňiş gazandy, "Ahal" ikinji orna çykdy

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşi Arkadag şäherinde boldy. "Arkadag" stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary «Altyn Asyry» 5:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Didar Durdyýew iki gezek tapawutlanyp, toparynyň esasy gahrymany boldy. Ol 27-nji minutda hasaby açdy, 64-nji minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan ýene bir gol geçirdi. Şeýle-de Baýram Ataýew, Ýazgylyç Gurbanow hem-de Arzuwguly Sapargulyýew öz atlaryny tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna ýazdyrdylar.

Tapgyryň ýene bir möhüm duşuşygy Mary şäherindäki "Merw" stadionynda geçirildi. Bu ýerde «Ahal» topary myhmançylykda «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda «Ahalyň» düzüminde Süleýman Mirzoýew, Myratberdi Berenow hem-de Ýakupmuhammet Gowşudow tapawutlandylar. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny bolsa duşuşygyň soňlarynda Ezizmämmet Orazmämmedow geçirdi.

Aşgabat şäherindäki "Nusaý" stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary «Nebitçini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 16-njy minutda Nurulla Raimbaýew geçirdi.

Tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Köpetdag» bilen «Şagadam» toparlary 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýny tamamladylar. Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen bu duşuşykda toparlaryň hiç biri garşydaş derwezesine ýol tapyp bilmedi.

10-njy tapgyrdan soň Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ýaryş tertibinde «Arkadag» 30 utuk bilen birinji, «Ahal» 20 utuk bilen ikinji, «Altyn Asyr» bolsa 19 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.

Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 9 gol bilen öňdeligi saklaýar. «Ahalyň» futbolçysy Süleýman Mirzoýew 6 gol bilen ikinji, «Şagadamyň» oýunçysy Serdar Gulyýew bolsa 5 gol bilen üçünji ýerde barýar.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.