TÝB - 2026. 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde 10-njy tapgyryň duşuşyklary tamamlandy.

22-nji maýda Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen duşuşykda «Şagadam II» topary «Köpetdag II» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Türkmenbaşy şäheriniň ýaşlar toparynyň düzüminde Aşyrmämmet Taganmyradow 3-nji minutda hasaby açdy. Arzuw Söýjanow bolsa 21-nji we 86-njy minutlarda tapawutlanyp, duşuşygyň esasy gahrymany boldy.

23-nji maýda Mary şäherindäki "Merw" stadionynda geçirilen oýunda «Ahal II» topary «Merw II» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Myhman toparyň gollaryny 10-njy minutda Azatmuhammet Hajyýew, 56-njy minutda Begenç Orazmuhammedow, 86-njy minutda Muhammedaly Nasyrow hem-de 90+2-nji minutda Eziz Myratlyýew geçirdi.

Şol gün Aşgabat şäherindäki "Aşgabat" stadionynda geçirilen başga bir duşuşykda «Nebitçi II» topary «Aşgabat II» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ilkinji bolup 29-njy minutda Arslan Muhammedowyň goly bilen «Aşgabat II» öňe saýlandy. Emma ikinji ýarymda «Nebitçi II» gysga wagtyň dowamynda iki gezek tapawutlanyp bildi. 54-nji minutda Söýenç Toýçyýew hasaby deňledi, 55-nji minutda bolsa Elýas Agöýliýew ýeňiş goluny geçirdi.

10-njy tapgyryň iň çekeleşikli duşuşyklarynyň biri 24-nji maýda Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki "Sport desgasynda" geçirildi. Bu ýerde «Arkadag II» topary «Altyn Asyr II» toparyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyga myhman topar örän üstünlikli başlady we Weýisgeldi Orazdurdyýewiň 22-nji hem-de 29-njy minutlarda geçiren gollary bilen 2:0 öňe çykdy. Şeýle-de bolsa, «Arkadag II» topary yzyna dolanmagy başardy. 44-nji minutda Diýargylyç Urazow tapawutlandy. Ikinji ýarymda bolsa Eduard Sarkisýan bilen Begenç Agajumaýewiň gollary meýdan eýelerine ýeňiş getirdi.

10-njy tapgyrdan soň ýaryş tertibinde «Arkadag II» topary 7 duşuşykdan toplan 19 utugy bilen birinji orunda barýar. «Nebitçi II» topary 9 oýunda 18 utuk toplap ikinji ýerde ýerleşýär. «Şagadam II» topary bolsa 10 duşuşykdan soň 16 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

Iň köp gol geçirenleriň sanawynda «Altyn Asyr II» toparynyň futbolçysy Weýisgeldi Orazdurdyýew 13 gol bilen öňdeligini dowam etdirýär. «Nebitçi II» toparyndan Elýas Agöýliýew 10 gol bilen ikinji ýerde ýerleşýär. «Ahal II» toparynyň oýunçysy Medetgeldi Çaryýew bolsa 7 gol bilen ilkinji üçlügi jemleýär.

Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.