UEL. "Aston Willa" 2025/26 möwsümiň çempiony

2025/26 möwsüminiň ilkinji ýewrokuboklaryň finaly bolan Ýewropa ligasynyň aýgytlaýjy duşuşygynda Angliýanyň «Aston Willa» topary Germaniýanyň «Fraýburg» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykyp, kubogyň eýesi boldy. Stambul şäherinde geçirilen final duşuşygynda Unai Emeriniň şägirtleri garşydaşyndan ähli ugurda üstün görünmegi başardylar.

Duşuşyk çekeleşikli başlasa-da, «Aston Willa» ilkinji ýarymyň soňlarynda oýnuň ugruny doly öz eline aldy. 41-nji minutda Morgan Rojersiň pasyndan soň belgiýaly ýarymgoragçy Ýuri Tilemans ajaýyp urgusy bilen hasaby açdy. «Fraýburg» ilkinji goluň täsirinden çykyp ýetişmänkä, 45-nji minutda Emiliano Buendiýa tapawutlanyp, iňlis toparynyň artykmaçlygyny iki gola çykardy. Bu gezek oňa Jon Makginn asist etdi.

Ikinji ýarymyň başlarynda nemes topary oýna dolanmak üçin synanyşsa-da, 58-nji minutda Morgan Rojers üçünji goly geçirip, duşuşygyň ykbalyny doly çözdi. Şeýlelikde, «Aston Willa» finalda ynamly 3:0 hasabyndaky ýeňşi gazanyp, taryhyndaky ikinji ýewrokubogyny eýeledi. Mundan öň birmingem topary 1982-nji ýylda Ýewropa çempionlar kubogyny gazanypdy.

Bu ýeňiş ispaniýaly tälimçi Unai Emeri üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ol tälimçilik karýerasynda bäşinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy we bu ýaryşyň taryhyndaky iň üstünlikli tälimçi hökmünde rekordyny has-da berkitdi. Emeri mundan öň «Sewilýa» bilen üç gezek, «Wilýarreal» bilen bir gezek bu kubogy gazanypdy. Şeýle hem ol dürli toparlar bilen ýewrokubogy gazanan tälimçileriň sanawynda Žoze Mourinýu, Rafael Benites we Udo Lattek ýaly meşhur hünärmenleriň hataryna goşuldy.

«Aston Willanyň» derwezeçisi Emiliano Martines duşuşykdan soň finala şikesli ýagdaýda çykandygyny aýtdy. Argentinly derwezeçi döwük barmagy bilen oýnandygyna garamazdan, garşydaşyň derwezesine gönükdirilen ähli urgularyny gaýtarmagy başardy.

Final duşuşygy başga bir taryhy waka bilen hem ýatda galdy. «Aston Willanyň» düzüminde meýdança çykan Jeýdon Sanço yzygiderli üç möwsümde dürli toparlaryň düzüminde dürli ýewrokubogyň finallarynda çykyş eden ilkinji futbolçy boldy. Ol 2023/24 möwsüminde «Borussiýa Dortmund» bilen Çempionlar ligasynyň finalynda, geçen möwsüm «Çelsi» bilen Konferensiýalar ligasynyň finalynda, indi bolsa «Aston Willa» bilen Ýewropa ligasynyň finalynda çykyş etdi. Şeýlelikde, iňlis futbolçy iki möwsüm yzly-yzyna ýewrokubogy gazanmagy başardy.

Finaldaky üçünji goluň awtory Morgan Rojers hem aýratyn üstünlik gazandy. 23 ýaşly futbolçy Stiwen Jerrarddan soň ýewrokubogyň finalynda gol geçiren iň ýaş iňlis futbolçysy boldy. Rojers şu möwsüm Ýewropa ligasynda üç gol geçirip, bäş asist etdi.

Bu ýeňiş bilen «Aston Willa» geljek möwsüm Çempionlar ligasynda çykyş eder. Şeýle-de topar Ýewropa ligasynyň ýeňijisi hökmünde gazanan ýollanmasyna mätäç bolmady, sebäbi olar Angliýanyň Premýer-ligasyndaky netijeleri arkaly eýýäm Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.

«Fraýburg» bolsa taryhyndaky ilkinji uly ýewrokubok finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Nemes topary abraý goluny hem geçirip bilmän, möwsümi kümüş medallar bilen tamamlady.