APL. "Arsenal" 22 ýyldan soň Angliýanyň çempiony boldy

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 37-nji tapgyrynda «Bornmut» öz meýdançasynda «Mançester Siti» toparyny kabul etdi. "Vitality Stadium" stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy we bu netije «Arsenalyň» möhletinden öň Angliýanyň çempiony bolmagyny üpjün etdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Hosep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky «Mançester Siti» – «Arsenaldan» bäş utuk yza galýardy. Şol sebäpli "şäherliler" utuk ýitiren ýagdaýynda, Mikel Artetanyň topary soňky tapgyra garaşylmazdan çempionlygyny resmi taýdan üpjün etmelidi.

Oýun işjeň depginde başlandy. «Mançester Siti» topa köp eýelik eden hem bolsa, howply pursatlary döretmekde kynçylyk çekdi. Muňa garamazdan, Andoni Iraolanyň ýolbaşçylygyndaky «Bornmut» garşylyklaýyn hüjümler arkaly birnäçe gezek howply ýagdaý döretdi.

Duşuşygyň 39-njy minutynda meýdan eýeleri öňe saýlandy. 19 ýaşly hüjümçi Žunior Krupi garşylyklaýyn hüjümi takyk urgy bilen jemläp, topy Janluiji Donnarummanyň goraýan derwezesiniň burçuna gönükdirdi. Şeýlelikde, birinji ýarym «Bornmutyň» 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Ikinji ýarymda «Mançester Siti» doly hüjüme geçdi. Şeýle-de bolsa, myhman topar döredilen pursatlary netijeli peýdalanyp bilmedi. Tersine, «Bornmut» ikinji goly geçirmäge has ýakyn görünýärdi. Erling Holand goşulan wagtda hasaby deňlemegi başarsa-da, bu gol duşuşygyň netijesine täsir etmedi. Şeýlelikde, oýun 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bu deňlik «Arsenaly» 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň çempiony etdi. "Topçular" soňky gezek Arsen Wengeriň döwründe çempion bolupdy. Şol möwsümde londonly topar çempionaty bir hem ýeňilmän tamamlamagy başarypdy. Toparyň düzüminde Tierri Anri, Patrik Wieýra, Robe Pires hem-de Freddi Ýungberg ýaly ýyldyzlar çykyş edipdi.

Mikel Artetanyň ýolbaşçylygyndaky häzirki «Arsenal» bolsa 22 ýyldan soň topary täzeden Angliýanyň iň güýçli toparyna öwürdi. Şeýlelikde, Arteta soňky 20 ýylyň dowamynda Premýer-ligany utan iň ýaş tälimçi boldy. Ondan öň bu görkeziji Žoze Mourinýo degişli bolupdy.

Şeýle-de «Bornmut» öz taryhyndaky iň üstünlikli möwsümleriň birini geçirdi. Topar ilkinji gezek Ýewropa kubok ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu netije bilen «Mançester Siti» hem ýene bir şowsuz statistikany başdan geçirdi. Hosep Guardiolanyň ýolbaşçylygynda topar ilkinji gezek yzly-yzyna iki möwsüm Angliýanyň çempiony bolup bilmedi. Ispan tälimçisiniň ýolbaşçylygyndaky on ýylyň dowamynda "şäherliler" diňe dört gezek çempion bolup bilmedi. Olar 2017, 2020, 2025 we 2026-njy ýyllarda kubogy elden giderdi.

Soňky günlerde Guardiolanyň möwsümiň ahyrynda «Mançester Sitiden» gitjekdigi baradaky maglumatlar hem giňden ýaýrady. Käbir çeşmeleriň habaryna görä, «Aston Willa» bilen geçiriljek soňky tapgyr duşuşygy onuň toparyň başyndaky soňky oýny bolup biler.

Şeýlelikde, «Arsenal» uzak ýyllaryň dowamynda garaşylan çempionlygyny gazanyp, Angliýa futbolynda täze döwrüň başlanandygyny görkezdi.