La Liga. "Real" Mourinýony yzyna getirýär, Karwahal topar bilen hoşlaşýar

Madridiň «Real» topary portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýony baş tälimçi wezipesine belleýär. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi. Maglumata görä, taraplar şertnamanyň ähli şertleri boýunça doly ylalaşyga gelipdirler we resmi gol çekişlik ýakyn wagtda amala aşyrylar.

Žoze Mourinýo Madrid topary bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen şertnama baglaşar. Şeýle-de «Real» portugaliýaly hünärmeniň geçişi üçin «Benfika» toparyna 6 million ýewro töleg eder. Mourinýonyň 23-nji maýda «Atletik» bilen geçiriljek duşuşykdan soň Ispaniýa gelmegine garaşylýar.

63 ýaşly tälimçi mundan öň hem «Realyň» başynda işläpdi. Ol 2010 – 2013-nji ýyllar aralygynda madridlilere ýolbaşçylyk edip, topar bilen Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazanypdy. Mourinýo soňky gezek 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Portugaliýanyň «Benfika» toparyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Portugaliýaly hünärmeniň tälimçilik ýolunda «Portu», «Çelsi», «Inter», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem», «Roma» we «Fenerbahçe» ýaly toparlar hem bar. Mourinýo futbol dünýäsinde "Aýratyn" lakamy bilen giňden tanalýar.

Soňky möwsüm «Real» üçin şowsuz geçdi. Topar La Liganyň 37 tapgyryndan soň 83 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär we «Barselonadan» 11 utuk yzda galýar. Şeýle-de madridliler bu möwsümde hiç hili baýrak gazanyp bilmedi. Şol sebäpli toparyň ýolbaşçylary täze üýtgeşmelere gitmek kararyna geldi.

Şeýle-de «Real» toparynda ýene bir möhüm waka boldy. Toparyň häzirki kapitany Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň topar bilen hoşlaşar. Madrid toparynyň resmi beýannamasynda Karwahala köp ýyllap eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirildi.

34 ýaşly goragçy «Realyň» öz terbiýelenen futbolçysy bolup, toparyň ulgamynda jemi 24 ýyl geçirdi. Ol esasy toparyň düzüminde 450 duşuşyk geçirip, 14 gol we 65 asist etdi. Şeýle-de Karwahal «Real» bilen 27 baýrak gazandy. Şolaryň arasynda alty gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagy aýratyn bellenilýär.

"Santýago Bernabeu" stadionyndaky janköýerleriň «Atletik» bilen geçiriljek duşuşykda öz kapitany bilen aýratyn hoşlaşmagyna garaşylýar.